HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ärdoganyň kasam kabul ediş dabarasy Ankarada 3-nji iýunda geçiriler

Iýun 03, 2023 | 13:18 |6106
Rejep Taýyp Ärdoganyň inaugurasiýa (kasam kabul ediş) dabarasy we ministrler
kabinetiniň täze düzüminiň yglan edilmegi 3-nji iýunda, şenbe güni Ankaradaky
Prezident toplumynda geçiriler. Dabara daşary ýurt döwlet we hökümet baştutanlarynyň
onlarçasy, 70-den gowrak ýurtlardan resmi wekiliýetler we ýokary derejeli myhmanlar,
şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar – diýip, Anadolu agentligi
Türkiýäniň prezident administrasiýasynyň aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçysy Fahrettin
Altunyň sözlerine salgylanmak bilen habar berýär.Rejep Taýyp Ärdoganyň inaugurasiýa (kasam kabul ediş) dabarasy we ministrler
kabinetiniň täze düzüminiň yglan edilmegi 3-nji iýunda, şenbe güni Ankaradaky
Prezident toplumynda geçiriler. Dabara daşary ýurt döwlet we hökümet baştutanlarynyň
onlarçasy, 70-den gowrak ýurtlardan resmi wekiliýetler we ýokary derejeli myhmanlar,
şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar – diýip, Anadolu agentligi
Türkiýäniň prezident administrasiýasynyň aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçysy Fahrettin
Altunyň sözlerine salgylanmak bilen habar berýär.
Çeşme: AP Photo

Rejep Taýyp Ärdoganyň inaugurasiýa (kasam kabul ediş) dabarasy we ministrler kabinetiniň täze düzüminiň yglan edilmegi 3-nji iýunda, şenbe güni Ankaradaky Prezident toplumynda geçiriler. Dabara daşary ýurt döwlet we hökümet baştutanlarynyň onlarçasy, 70-den gowrak ýurtlardan resmi wekiliýetler we ýokary derejeli myhmanlar, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar – diýip, Anadolu agentligi Türkiýäniň prezident administrasiýasynyň aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçysy Fahrettin Altunyň sözlerine salgylanmak bilen habar berýär.

Rejep Taýyp Ärdogan - dolandyryjy Adalat we ösüş partiýasynyň (AK Parti) ýolbaşçylygyndaky "Respublikan alýansyň" (birleşigiň) ýeke-täk dalaşgäri Türkiýäniň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň gutarnykly netijelerine görä, ol saýlawçylaryň sesleriň 52% -inden gowragyny aldy. Onuň garşydaşy, Halk bileleşiginiň ýeke dalaşgäri Kemal Kylyçdaroglu 47,82% ses aldy.

Prezident Mejlisde kasam kabul eder we Atatürk mawzoleýine (Anytkabir) baryp görer. Soňra daşary ýurt döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda inaugurasiýa dabarasy geçiriler. Ärdoganyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi bilen tanyşdyrmagyna garaşylýar.

Şeýle hem 3-nji maýda mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlary kasam ederler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026