

HPG Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin mümkinçilikleri ösdürmek merkezini açdy
Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebit merkezi 9-njy iýunda Almaty şäherinde açyldy. Gazagystan edarasy dünýädäki şular ýaly merkezleriň 17-sinden biri bolup, HPG-nyň işini birbada dokuz döwletde: Ermenistanda, Azerbaýjanda, Gruziýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Mongoliýada, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda utgaşdyrar diýip, Tengrinews.kz habarlar berýär.



















