

Türkmenistan tokaý hojalygy boýunça Hytaýda geçirilen ministrler maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Çifyn şäher okrugynda geçirilen tokaý hojalygy pudagynyň ministrler derejesindäki 3-nji maslahatyna gatnaşdy.


Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Çifyn şäher okrugynda geçirilen tokaý hojalygy pudagynyň ministrler derejesindäki 3-nji maslahatyna gatnaşdy.


Oňa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň serhet gulluklarynyň harby lukmançylyk işgärleri gatnaşdylar.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Merkezi Aziýanyň bäş Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Nýu-Yorkda geçiriljek bilelikdäki ýygnagyndan soň Bilelikdäki Beýannama kabul ederler. Amerikanyň Prezidentiniň Milli howpsuzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan žurnalistler üçin geçirilen brifingde bu barada habar berdi.


Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça 4 resminama gol çekildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi.


Duşenbe şäherinde iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýar.


Türkmenistanda önüp ösen Oleg Kononenko kärdeşi Nikolaý Çubow bilen şu gün 15-nji sentýabrda, Aşgabat wagty bilen sagat 20:44-de Arş giňişligine iň dowamly syýahatyna ugraýar. Olar älem giňişligindäki Halkara kosmos stansiýasynda 375 gün bolarlar.


Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryny 2024-nji ýylda belleniljek akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramy mynasybetli Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara çagyrdy.


Türkmen ykdysadyýeti Duşanbede bolup geçýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haryt öndürijileriniň sergisinde wekilçilik edýär. Şu gün sammitden soň sebitiň döwlet Baştutanlary sergä baryp gördiler.


Duşanbe şäherinde 14-nji sentýabrda, penşenbe güni geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň netijeleri barada KHBS-niň wekilleri üçin brifing geçirildi.


Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Duşanbe şäherine baran türkmen halkynyň Mlli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy.


Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.


Foruma Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem-de hormatly myhman hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherine iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.