Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow gepleşikleri geçirdiler


Sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow iki günlük sapar bilen Türkmenistana geldi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen bolan duşuşygynda söwda-ykdysady ulgamda köptaraply türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada düýpli pikir alşyldy.
Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Rustam Minnihanow ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.
Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Arkadag şäherine baryp gördi. Tatarystanyň Baştutany ekologiýa, durmuş düzümine we binagärlik keşbine bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda gurlan ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji “akylly” şäheriň medeni merkezleri, ajaýyp ýerleri bilen tanyşdy.
ORIENT news








