Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy


Şu gün - 27-nji sentýabrda, irden Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Halk Maslahatyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr daşary ýurtly myhmanlar, talyp ýaşlar, hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gül goýmak dabarasyny dowam etdirdiler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen daşary ýurtly myhmanlar hem türkmen halkynyň milli mukaddes ýerlerini hormatladylar.
ORIENT news








