Türkmenistanyň Baştutany daşary ýurt işewürliginiň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi


Sişenbe güni, Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk gününi bellemek üçin Türkmenistana gelen daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz CLAAS (Germaniýa) paýdarlar jemgyýetiniň başlygyny, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi.

«CLAAS» kompaniýasy köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyz bilen gatnaşyk edýär, hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýlup, oňyn tejribe toplandy. Kompaniýanyň ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikalary Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüni oňat tarapdan görkezdi, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde bu kompaniýanyň okuw merkezleri hereket edýär.
Taraplar hyzmatdaşlygyň netijelerine ýokary baha berdiler we giňeltmek üçin geljegiň bardygyny tassykladylar.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabeni bilen duşuşygynda «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň ýapon hünärmenleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi. Bu kompaniýa önümçilik toplumlarynyň gurluşygyny üstünlikli amala aşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýapon hyzmatdaşlaryň himiýa we nebitgaz pudagyny ösdürmekde täze taslamalary durmuşa geçirmek, hususan-da, ýurdumyzda fosfor, ammiak, karbamid we tebigy gazdan benzin öndürýän desgalaryň önümçiligini artdyrmak boýunça tekliplerine seretmäge taýýardygyny beýan etdi.
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Cifal» kompaniýasynyň prezidenti Žil Remi bilen duşuşygynda Türkmenistanyň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary çekmekde gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde özara ynanyşmagyň ýola goýlandygyny belledi.

Häzirki döwürde fransuz kompaniýalarynyň birnäçesi «Cifal» bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda Türkmenistanda gurluşyk, nebitgaz toplumynda, awiasiýa ulgamynda üstünlikli işleýärler. Häzirki wagtda Türkmenistan ähli ugurlarda ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny sanlaşdyrmak, suw tygşytlaýjy we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak ulgamynda çemeleşmelere ünsi jemledi. Bu meselede türkmen tarapy fransuz kompaniýalarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardyr.
Şeýle hem, Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde Aşgabada ilkinji gezek «CARPI Tech» kompaniýasynyň baş direktory Fransua Troneli we kompaniýanyň hormatly prezidenti Alberto Maria Skuerony kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhmanlary hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da suw üpjünçilik ulgamlaryny gurmak pudagy barada pikir alyşdylar.
Suw desgalarynda ulanylýan gidroizolýasiýa we suwasty ýörite gatlaklaryň önümçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan «CARPI Tech» kompaniýasynyň ýolbaşçylary, oba hojalyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak hem-de suwarmagyň täze usullaryny ornaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi niýetlenen türkmen bazarynyň aýratyn özüne çekijiligini nygtadylar.
Türkmenistan bu ugurda öňdebaryjy tejribäni ulanmaga we netijeli hyzmatdaşlyga we innowasiýa gyzyklanma bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.
ORIENT news








