Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdyTürkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy

«Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlaryndan biridir» – diýip, Serdar Berdymuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Mitro International Ltd - OGT 2023 nebit-gaz forumynyň esasy hyzmatdaşyMitro International Ltd - OGT 2023 nebit-gaz forumynyň esasy hyzmatdaşy

Mitro International Ltd - OGT 2023 nebit-gaz forumynyň esasy hyzmatdaşy

25-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebit we gazy” (OGT 2023) XXVIII halkara konferensiýasy we sergisi dürli ýurtlardan nebit-gaz pudagy hünärmenlerini, öňdebaryjy ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny birleşdirer şeýle-de sebit we dünýä derejesinde uglewodorodlary gözlemek we öndürmek bilen baglanyşykly häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemlär. Abraýly spikerler, iň uly energiýa kompaniýalaryň we guramalarynyň bu foruma gatnaşandygyny tassykladylar. Umumy mejlisleriň dowamynda SOCAR nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rowşan Nejafy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Rahman Esedullaýewi diňläp bilersiňiz. Başga-da Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada tehniki bazardaky BASF Middle East Chemicals LLC-yň baş Direltory Aşraf Abu Farisi , “XP Upgreen Bart Bartiks” -iň müdiri, “Mitro International Limited” -iň baş tehniki geňeşçisi Igor Şewçenko, beýleki guramalaryň we energiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bardyr.

Bilermenler "Hytaý - Merkezi Aziýa" görnüşdäki gatnaşyklaryň nähili boljakdygyny çaklaýarlarBilermenler "Hytaý - Merkezi Aziýa" görnüşdäki gatnaşyklaryň nähili boljakdygyny çaklaýarlar

Bilermenler "Hytaý - Merkezi Aziýa" görnüşdäki gatnaşyklaryň nähili boljakdygyny çaklaýarlar

Beýik Ýüpek ýoly öz döwründe döwrebaplaşmagyň ýoly bolupdy. Ol häzirki günde hem söwda gatnaşyklaryny we bazarlaryň özara arabaglanyşygyny pugtalandyrmak arkaly döwrebaplaşmagyň täze akymyny emele getirýär diýip, "Hytaý - Merkezi Aziýa" barlag merkezleriniň forumynda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň strategik ylmy-barlag merkeziniň direktory belledi.