

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde berlen sadaka gatnaşdy
Sadaka Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynda berildi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Däbe görä, sadaka gatnaşyjylara dürli milli naharlar çekildi.


Sadaka Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynda berildi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Däbe görä, sadaka gatnaşyjylara dürli milli naharlar çekildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni Bişkekdäki GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda kärdeşleriniň ünsüni BMG-de türkmen tarapynynyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplyk dostlary toparynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak çärelerine gönükdirdi.


GDA-nyň döwlet Baştutanlary 13-nji oktýabrda Bişkekde geçiren duşuşyklarynda Rus dilini goldamak we ilerletmek boýunça halkara guramany döretmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler.


Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýolbaşçylygyndaky GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky duşuşygy Bişkekde tamamlandy.


«Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys», - diýip GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Bişkekdäki sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.


Katar Döwleti Fransiýanyň “TotalEnergies” kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gaz ibermek boýunça 27 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu şertnama 2026-njy ýyldan güýje girýär diýip, Katar Döwletiniň energetika kompaniýasy “QatarEnergy” habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahatyň birinji mejlisine çagyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Bişkekde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Sammitinde aýtdy.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň nobatdaky sammiti geljek ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwada geçiriler. Bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Bişkekde geçen sammitiň çäklerinde mälim etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkege iş saparynyň barşynda ýokary derejedäki kiçi düzümdäki duşuşyk bilen başlanan GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşýar.


Bişkege iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.


Bişkekde, Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine wise-premýer we Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.


Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan galkynyşy başdan geçirýär. 2018-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň bäş sany konsultatiw maslahaty geçirildi. Bu sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek we ösdürmek isleginiň aýdyň subutnamasydyr.


Türkmen-özbek Işewürler geňeşiniň üçünji ýygnagy 10-njy oktýabrda, çarşenbe güni Aşgabatda Türkmeniň paýtagtynda açylan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisiniň çäginde geçirildi. Işewürler geňeşi dürli ugurlarda bolup biljek maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we durmuşa geçirmek üçin esasy platforma bolup, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ösdürmäge kömek edýär.


17-18-nji noýabrda Bilelikdäki türkmen-eýran ykdysady toparynyň 17-nji mejlisi geçiriler. Bu günlerde Eýranyň senagat harytlarynyň sergisini guramak meýilleşdirilýär diýip, “Tasnim News” habarlar agentligi mälim edýär.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.