Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Katar Döwleti we Fransiýa 27 ýyllyk gaz şertnamasyny baglaşdylar

Oktýabr 13, 2023 | 17:22 |6277
Katar Döwleti Fransiýanyň “TotalEnergies” kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gaz ibermek boýunça 27 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu şertnama 2026-njy ýyldan güýje girýär diýip, Katar Döwletiniň energetika kompaniýasy “QatarEnergy” habar berýär.Katar Döwleti Fransiýanyň “TotalEnergies” kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gaz ibermek boýunça 27 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu şertnama 2026-njy ýyldan güýje girýär diýip, Katar Döwletiniň energetika kompaniýasy “QatarEnergy” habar berýär.
Çeşme: dohanews

Katar Döwleti Fransiýanyň “TotalEnergies” kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gaz ibermek boýunça 27 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu şertnama 2026-njy ýyldan güýje girýär diýip, Katar Döwletiniň energetika kompaniýasy “QatarEnergy” habar berýär.

Iki sany uzakmöhletleýin şertnamalaryň çäklerinde Katar Döwletiniň demirgazyk bölegindäki gaz ýataklaryny paýlaşmak bilen ýylda suwuklandyrylan gazyň 3,5 milliard tonnasyny Fransiýa ibermek göz öňünde tutulýar.

Bellenişine görä, bu şertnamalaryň baglaşylmagy Katar Döwletiniň Ýewropa, hususan-da, fransuz bazary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Geçen ýyl Fransiýa suwuklandyrylan gazy iň köp import ediji dünýäniň 4-nji ýurduna öwrüldi. Bu babatda ondan öňdäki orunlary Ýaponiýa, Hytaý we Günorta Koreýa eýeleýär. Geljekde Fransiýanyň jemi gaz importynda Katar Döwletiniň paýy barha artar.

Katar Döwleti 2029-njy ýylda dünýäniň suwuklandyrylan gaz sarp edilişiniň 40 göterimini üpjün etmegi maksat edinýär. Şonuň üçin-de köp milliardly taslamalary durmuşa geçirýär. Mundan ozal, Katar Döwleti Hytaýyň Milli Nebit Kompaniýasy bilen 27 ýyllyk şertnama baglaşypdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026