HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde berlen sadaka gatnaşdy

Oktýabr 15, 2023 | 01:07 |7936
Sadaka Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynda berildi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Däbe görä, sadaka gatnaşyjylara dürli milli naharlar çekildi.Sadaka Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynda berildi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Däbe görä, sadaka gatnaşyjylara dürli milli naharlar çekildi.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň tutumly gurluşyklarynyň başlanmagyna ak pata bermäge, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyzy ýatlap, olaryň ruhuna aýat-töwirleriň okalmagyna, şeýle hem Owganystanda ýakynda bolup geçen ýertitremede wepat bolanlary hatyralamaga bagyşlanyp berlen sadaka gatnaşdy

"Pederlerimiz «Söýenişen ýykylmaz» diýipdirler. Birek-birege goldaw bermek öňden gelýän asylly ýörelgedir. Röwşen geljegimiz, abadançylygymyz, bagtyýar durmuşymyz üçin şeýle asylly kadalara eýermek parzdyr. Bu däp-dessurlarymyzy geljekde ýaşlarymyz hem dowam ederler" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Sadaka Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynda berildi. Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Däbe görä, sadaka gatnaşyjylara dürli milli naharlar çekildi. Duz-tagam dadylandan soňra, aýat-töwir edildi. Sadaka tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar Gökdepe metjidine ugradylar. Bu ýere ýygnananlar namaza durmazdan ozal, metjitde goýlan mukaddesliklere tagzym etdiler. Bu ýerde bina edilen metjitde juma namazy okaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026