HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesini ileri tutýar

Oktýabr 13, 2023 | 17:29 |6092
«Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys», - diýip GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Bişkekdäki sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.«Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys», - diýip GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Bişkekdäki sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Çeşme: akipress.org

«Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys», - diýip GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Bişkekdäki sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylda Aşgabatda, GDA döwletleriniň baştutanlar geňeşiniň mejlisinde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen Arkalaşygyň agza döwletleriniň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky jarnamasyna gol çekilendigini we onuň soňra kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy bolandygyny ýatlatdy.

Serdar Berdimuhamedow «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» geçelgeleriniň ösüşinde energetika, ulag we aragatnaşyk böleklerini diwersifikasiýa etmek boýunça türkmen tarapyndan başlanan taslamalaryň Arkalaşygyň döwletleri üçin aktuallygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Aşgabat Hazar-Gara deňziniň ugry we Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Aýlag we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen logistika mümkinçilikleriniň we ulag aragatnaşygynyň ýokarlanmagyna uly üns berýär.

«Häzirki wagtda global ykdysady krizis we global ýangyç we energetika bazaryndaky durnuksyzlyk şertlerinde hyzmatdaşlygymyzyň maliýe bölegi barada çynlakaý pikirlenmegi zerur hasaplaýarys. Karz borçnamalary we özara hasaplaşyk meselelerine üns bermegi we olary çözmek boýunça ýörite geňeşmeleri geçirmegi teklip edýäris», - diýip Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026