

Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 18 geleşik baglaşyldy
Geçen hepde Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.


Geçen hepde Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berýär.


26-njy ýanwarda anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, dokma senagaty önümlerine we elde dokalan halylara uly isleg bildirildi.


Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçuk beýleki yklymüsti ulag geçelgelerinde bar bolan meseleleriň çäginde degişli ulag geçelgesiniň barha artýan ähmiýetini göz öňünde tutup belläp geçdi. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär.


Merkezi Aziýa döwletleri häzirki wagtda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň sebitde durmuşa geçirýän 15 maksatnamasynyň çäklerinde terrorçylyga we zorlukly ekstremizmlere garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli, sebit we halkara derejelerinde şahsy we toparlaýyn tagallalaryny giňeltmegi dowam etdirýärler.


Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Daşkent şäherinde brifing gurady.


25-nji ýanwarda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri we el halylary ýerlenildi.


“Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara forumda gazanylan esasy pikirleri we netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylan Jemleýji resminama, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamalarynyň bukjasyna goşuldy. Foruma gatnaşyjylaryň bilelikdäki Beýannamasynyň teksti Birleşen Milletler Guramasynyň 6 resmi dilinde neşir edildi, ony şu resmi platformada görüp bilersiňiz.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Ýakub Ali Nazari bilen duşuşygy geçirildi.


Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň düzümleriniň gatnaşmagynda Stambulda geçirilen duşuşykda Guramanyň ýanynda Bäsdeşlik boýunça geňeşi döretmek hakynda çözgüt kabul edildi.


25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasyny binasynda şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli brifing geçirildi.


Tükmenisanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwy hem-de Premýer-ministri Narendra Modini ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli gutlady.


Penşenbe güni, 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň başlangyçlarynyň ýol kartasy boýunça tegelek stol geçirildi. Bu diňe bir pikir alyşmak däl, eýsem, Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş hünärleriniň mugallymlary, Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda maglumat duşuşygy boldy. Indi bolsa, has giňişleýin.


24-nji ýanwarda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda polipropilene uly isleg bildirildi.


Geçen 2023-nji ýylda türk kompaniýalary Türkmenistanda jemi bahasy 3,2 milliard dollar bolan 7 taslamany durmuşa geçirdiler.


Türkmenistanda ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça ders olimpiadalary geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» döwlet elektron neşiri habar berýär.