HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bio we wodorod ýangyjyny öndürmek meselesi Goada geçirilýän Hindistanyň energetika hepdeliginiň gün tertibine girizildi

Fewral 09, 2024 | 11:35 |4221
2024-nji ýylyň 6 – 9-njy fewraly aralygynda Hindistanyň günorta-günbataryndaky Goa ştatynda ikinji Hindistanyň energetika hepdeligi – 2024 (India Energy Week 2024) geçirilýär.2024-nji ýylyň 6 – 9-njy fewraly aralygynda Hindistanyň günorta-günbataryndaky Goa ştatynda ikinji Hindistanyň energetika hepdeligi – 2024 (India Energy Week 2024) geçirilýär.
Çeşme: itek.ru

2024-nji ýylyň 6 – 9-njy fewraly aralygynda Hindistanyň günorta-günbataryndaky Goa ştatynda ikinji Hindistanyň energetika hepdeligi – 2024 (India Energy Week 2024) geçirilýär.

Bu çäre Hindistanyň Hökümetiniň Nebit we tebigy gaz ministrliginiň howandarlygynda we Hindistanyň nebit senagaty federasiýasynyň (FIPI) goldaw bermeginde gurnalýar.

Öz ugry boýunça iň iri maslahat hem-de sergi energetika howpsuzlygynyň we gazylyp alynýan ýangyçlardan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmegiň meselelerine bagyşlanýar.

Ol hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak, täze mümkinçilikleri açmak hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin 35 müňden gowrak gatnaşyjyny, 400 çykyşy we 100-den gowrak ýurtdan 4 müňden gowrak myhmany – syýasatçylary, işewürligiň ýolbaşçylaryny, şeýle hem nebit-gaz pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Maslahatyň çäklerinde Russiýadan, Kanadadan, Germaniýadan, Niderlandlardan, Beýik Britaniýadan we ABŞ-dan ýöriteleşdirilen pawilýonlar açyldy, Hindistanyň kiçi we orta kärhanalaryň energetika pudagyna degişli innowasion çözgütleri tanyşdyryldy.

Duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri hem ösümliklerden we oba hojalygynyň ýa-da gündelik durmuşyň biogalyndylarynyň esasynda bioýangyç öndürmek meselesi boldy. Şeýle hem CCUS tehnologiýalary –uglerody almak, gaýtadan ulanmak we saklamak, wodorod ýangyjyny öndürilmek işleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Goa ştatynda geçirilýän Energetika hepdeliginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Hindistanyň energiýany sarp etmekde dünýäde üçünji orny eýeleýändigini aýtdy we ýakyn bäş-alty ýylda ýurduň energetika pudagyna 67 milliard dollar maýa goýuljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Premýer-ministriň bellemgine görä, Hindistanda durmuş maksatly gaz önümçiligi çalt depginler bilen ösýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurt ilkinji energiýa sarp edilişiniň düzüminde gazyň paýyny 6%-den 15%-e çenli ýokarlandyrmak ugrunda tagallalary edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026