HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen diplomaty BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary bilen duşuşdy

Fewral 08, 2024 | 09:48 |2367
Ženewa şäherinde ýerleşýän Wilson köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türkiň arasynda duşuşyk geçirildi.Ženewa şäherinde ýerleşýän Wilson köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türkiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Ženewa şäherinde ýerleşýän Wilson köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türkiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy BMG-niň ýurdumyz üçin ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy, şeýle hem Türkmenistanyň bu guramanyň özenini emele getirýän gymmatlyklara we ýörelgelerine ygrarly bolup galýandygy barada aýratyn nygtap geçdi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary esas düzüji adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň wajyplygy barada nygtady. BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň ähli adamlar üçin hukuklaryň goragyny üpjün etmäge, bu hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarlyklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli işleri alyp barýan jogapkärlere ýardam bermäge, şeýle hem BMG-niň adam hukuklary ugrundaky maksatnamalarynyň netijeli peýdalanylmagy üçin raýat jemgyýetçiliginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge we berkitmäge ymtylýandygy barada bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026