HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Baş konsuly Naberežnyýçelninsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Fewral 07, 2024 | 21:33 |4474
6-njy fewralda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly G.Garaýew Naberežnyýçelninsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory A.Galiakberowa bilen duşuşdy.6-njy fewralda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly G.Garaýew Naberežnyýçelninsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory A.Galiakberowa bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan berildi

6-njy fewralda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly G.Garaýew Naberežnyýçelninsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory A.Galiakberowa bilen duşuşdy.

Russiýanyň döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory Baş konsullyk tarapyndan Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge berýän goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Geçen ýylda ýokary okuw mekdebiniň wekilleri birnäçe gezek Türkmenistanda geçirilen halkara çärelere we bilelikdäki taslamalara gatnaşdylar.

Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy geçen ýylyň 20 - 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň binýadynda Naberežnyýçelninsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň guramagynda 300-den gowrak mugallymyň biologiýa, himiýa, matematika, informatika, başlangyç synp okuwçylaryny we rus dilini okatmagyň usulyýeti boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçendigini belledi. Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň 90-dan gowrak okuwçysy bilim beriş çärelerine gatnaşdylar.

Baş konsul bilim ulgamynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň şu günüň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty bu ugurdaky hyzmatdaşlyk üçin Naberežnyýçelninsk döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň tagallalaryna hoşallygyny mälim etdi.

Taraplar şeýle hem taraplaryň ylmy wekilleriniň ylmy makalalaryny özara çap etmegiň, Türkmenistanyň degişli bilim edaralary bilen ikitaraplaýyn şertnamalary baglaşmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlydyklaryny mälim etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026