HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmaga taýýar

Fewral 10, 2024 | 14:58 |5240
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini we beýleki resmi adamlaryny hem-de halkyny täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini we beýleki resmi adamlaryny hem-de halkyny täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini we beýleki resmi adamlaryny hem-de halkyny täze ýylyň we tebigatyň janlanmagynyň buşlukçysy bolan Bahar baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Gutlag haty Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, döwlet Baştutany türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny täze belentliklere çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gutlag hatyny ýollady.

"Men Siziň bilen geçen ýylyň noýabrynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji forumynyň çäklerinde Pekin şäherinde geçirilen duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda biz döwletara gatnaşyklarymyzyň üýtgewsiz dostlukly we strategik häsiýetine ýokary baha berdik" diýlip, gutlag hatynda bellenýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026