Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler


5–7-nji noýabr aralygynda Gaziantep şäherindäki Ýakyn Gündogar sergi merkezinde 2-nji Ýakyn Gündogar azyk we azyk tehnologiýalary sergisi — MFF geçiriler.
Çäre pudagyň öňdebaryjy öndürijilerini dünýäniň dürli künjeklerinden geljek halkara alyjylar bilen birleşdirer. Sergide azyk pudagynda hem-de azyk tehnologiýalary ulgamynda harytlaryň ähli görnüşleri görkeziler.
Sergi täze işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin gatnaşyjylara giň mümkinçilikleri açýan möhüm söwda platformasyna öwrüler.
Gatnaşmagyň şertleri we serginiň maksatnamasy baradaky jikme-jik maglumatlar çäräniň resmi internet sahypasynda elýeterlidir: https://ortadogugidafuari.com/.
ORIENT







