Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Aşgabat gazna biržasy gymmatly kagyzlar bazarynyň dünýä standartlaryny özleşdirýärler


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň halkara bilermenleri tarapyndan geçirilen gymmatly kagyzlar bazaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek we dolandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen okuwyny geçdiler.
Okuw maksatnamasy ýurtda häzirki zaman maliýe gurallaryny işe girizmek üçin zerur bolan amaly mehanizmleri öz içine aldy. Bilermenleriň we düzgünleşdiriji edaralaryň üns merkezinde paýnamalary we obligasiýalary çykarmagyň düzgünleri, paýly maýa goýum gaznalarynyň (PMG) işi, ynançly dolandyryş hyzmatlary, şeýle hem birža kliringiniň we depozitar işiniň tehnologiýalary boldy.

Maýadarlaryň hukuklaryny goramak we jogapkärsiz amallara garşy göreşmek boýunça halkara tejribä aýratyn üns berildi. Alnan bilimler milli düzgünleşdiriji binýady täzelemek we Türkmenistanda durnukly maliýe infrastrukturasyny döretmek üçin esas bolup hyzmat eder.







