Pariždäki kosmos sammiti tehnologik hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary kesgitledi


Türkmenistanyň wekiliýeti 9–10-njy sentýabrda Pariždäki «Grand Palais» sergi toplumynda geçirilen ilkinji Halkara kosmos sammitine gatnaşdy. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň başlangyjy bilen geçirilen forum howpsuzlyk, ekologiýa we Ýeriň daşyndaky giňişlikdäki infrastrukturany dolandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan aerokosmos pudagynyň, diplomatik jemgyýetçiligiň, ylmyň we maýa goýum ulgamynyň iki müňe golaý wekillerini bir ýere jemledi.

Türkmenistan üçin Pariždäki foruma gatnaşmak Fransiýanyň ýokary tehnologiýalar pudagy bilen hyzmatdaşlygyň logiki dowamydyr. Hut Fransiýada fransuz-italýan Thales Alenia Space kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyň ilkinji milli aragatnaşyk hemrasy bolan TürkmenÄlem 52°E guruldy. Onuň orbita çykarylmagy ýurdumyzyň kosmos pudagynyň düýbüni tutdy. Häzirki wagtda milli operator diňe bir teleýaýlymlary we aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmän, eýsem kosmos monitoringiniň hyzmatlaryny hem işjeň ösdürýär.
Pariždäki pikir alyşmalaryň dowamynda howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek, ekoulgamlary goramak we dünýä ummanyna gözegçilik etmek üçin hemra maglumatlarynyň amaly taýdan ulanylmagyna esasy üns berildi. Türkmenistan üçin bu tehnologiýalar Hazar deňziniň suw giňişligine gözegçilik etmek, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak we çölleşmä garşy göreşmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Şol bir wagtyň özünde sammite gatnaşyjylar kosmos ykdysadyýeti, Ýeriň üstüniň şekillerini işlemekde emeli aňy integrirlemek we täze nesliň inžener hünärmenlerini taýýarlamak meselelerine garadylar. Gepleşikler we forumyň çäklerinde innowasion çözgütleriň sergisi bilen tanyşmak türkmen hünärmenleri üçin tehnologik alyş-çalşy giňeltmek we halkara standartlaryny milli kosmos maksatnamasyna ornaşdyrmak boýunça goşmaça mümkinçilikleri açýar.







