HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Sentýabr 16, 2026 | 00:15 |1283
Halkara ylmy-barlag we maslahat beriş kompaniýasy bolan Oksford Işewürler Topary (Oxford Business Group - OIT) ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna (TIF 2026) Bilim boýunça hyzmatdaş hökmünde gatnaşarHalkara ylmy-barlag we maslahat beriş kompaniýasy bolan Oksford Işewürler Topary (Oxford Business Group - OIT) ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna (TIF 2026) Bilim boýunça hyzmatdaş hökmünde gatnaşar
Çeşme: tif-turkmenistan.com

Halkara ylmy-barlag we maslahat beriş kompaniýasy bolan Oksford Işewürler Topary (Oxford Business Group - OIT) ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna (TIF 2026) Bilim boýunça hyzmatdaş hökmünde gatnaşar. Türkmenistanyň üçünji halkara maýa goýum forumy döwlete dahylly edaralaryň, halkara maliýe guramalarynyň, maýadarlaryň we dünýä işewür jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlär.

Oksford Işewürler Topary 1994-nji ýylda esaslandyrylyp ösüp barýan bazarlardaky ykdysady barlaglar we maýa goýumy seljerme işi boýunça ýöriteleşýär. Kompaniýa 40-dan gowrak ýurtda hereket edýär we halkara ylmy-barlag toruny ýerlerdäki işi bilen utgaşdyrýar. Oksford Işewürler Topary işewürlere we döwlete dahylly edaralara maýa goýum mümkinçiliklerine baha bermek, pudaklaýyn ugurlara düşünmek we esaslandyrylan çözgütleri kabul etmek üçin zerur maglumatlary hem-de seljerme işlerini hödürleýär. Kompaniýanyň ylmy-barlaglary we seljerme işleri halkara maýadarlar, kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de döwlet ýolbaşçylary tarapyndan peýdalanylýar.

Oksford Işewürler Toparynyň TIF 2026-a ilkinji gezek gatnaşmagy Türkmenistan bilen halkara bilermenlik we işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim bolar. Bu hyzmatdaşlyk forumyň maýa goýum gün tertibini has giň halkara köpçüligine ýetirmäge we Türkmenistany täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek üçin geljegi uly ugur hökmünde görkezmäge ýardam berer.

Türkmen-Amerikan Işewürler boýunça Hyzmatdaşlyk Birleşmesi (The Turkmen-American Business Cooperation Association TABCA) hem Türkmenistanyň Maýa Goýum Forumynyň 2026 Bilim boýunça hyzmatdaşlarynyň hataryna girýär. Halkara we bilermen guramalar bilen hyzmatdaşlyk forumyň mazmunly dialoga, tejribe alyşmaga we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň amaly çemeleşmelerini ösdürmäge bolan ygrarlylygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Maýa Goýum Forumy 2026 türkmen kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we işewürleriň ýolbaşçylarynyň arasynda göni aragatnaşyk üçin mümkinçilikleri döreder. B2B duşuşyklarynyň çäklerinde gatnaşyjylar öz taslamalaryny hödürläp, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp we täze işewür gatnaşyklary ýola goýup bilerler. B2G duşuşyklary döwlete dahylly edaralaryň wekilleri bilen maýa goýum başlangyçlaryny we hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder. Forumyň işewürlik maksatnamasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny, şol sanda energetika, ulag geçelgeleri, sanly ykdysadyýet, emeli aň, wirtual aktiwler, «ýaşyl» taslamalar, oba hojalygy, syýahatçylyk we suw serişdeleri ýaly ugurlary öz içine alar.

Türkmenistanyň Maýa Goýum Forumy 2026-njy ýylyň 1–2-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Goşmaça maglumat we gatnaşyjylary hasaba almak TIF 2026-nyň resmi web-sahypasynda elýeterlidir: tif-turkmenistan.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026