Orta geçelge barada tejribäniň garaýşy: pikiri täjirçilik önümine nädip öwürmeli?


14-nji sentýabrda Daşkentde «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» (C5+UK) formatyndaky ilkinji Seljeriş merkezleriň forumynyň çäklerinde Ýewraziýanyň ulag arabaglanyşygynyň geljegine bagyşlanan sessiýa geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Beýik Britaniýanyň bilermenleri Orta geçelgäni (TMTM) strategik düşünjeden bank taýdan maliýeleşdirilip bilinjek, öňünden çaklap bolýan we täjirçilik taýdan bäsdeşlige ukyply logistika meýdançasyna nähili öwürmelidigi barada pikir alyşdylar.
Merkezi Aziýa ýurtlary we Hazar basseýni üçin Orta geçelge «land-linked» (gury ýer arkaly arabaglanyşyk) düşünjesini durmuşa geçirmegiň esasy ýollarynyň biridir. Ol sebiti üzňeleşdirilen aklym giňişliginden Hytaýyň, Günorta Kawkazyň, Türkiýäniň we Ýewropanyň bazarlarynyň arasyndaky möhüm köprä öwürýär. Öz gezeginde Beýik Britaniýa we Ýewropaly hyzmatdaşlar üçin bu ugruň möhüm ähmiýeti Gyzyl deňizde ýüze çykýan bökdençlikleriň we Gündogar Ýewropadaky durnuksyzlygyň şertlerinde üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýa etmek zerurlygy bilen şertlendirilýär.

Foruma ýöriteleşdirilen «Ýewraziýanyň arabaglanyşygynyň geljegi: Orta geçelge, S6-nyň geografiýasy we infrastruktura maliýeleşdirilmegi» atly bölümçe amaly ugra eýe boldy. Esasy üns diňe portlary fiziki taýdan abatlamaga ýa-da demir ýollary gurmaga däl-de, eýsem bitewi sanly gümrük ulgamyndan başlap, eksport karzlaryny kepillendirmäge we halkara ätiýaçlandyryşyna çenli institusional şertleri döretmäge gönükdirildi.
Sessiýanyň möhüm many-mazmunly çykyşlarynyň biri türkmenistanly bilermen — senagat we energetika pudaklary üçin agyr enjamlary daşamak bilen meşgullanýan «Ykjam Hereket» hojalyk jemgyýetiniň logistika we halkara amallary bölüminiň ýolbaşçysy Aknur Saparowanyň çykyşy boldy. Orta geçelgäniň meselelerine hakyky işewürligiň nukdaýnazaryndan çemeleşen bilermen häzirki wagtda geografik kartany hakyky täjirçilik taýdan durmuşa geçirip bolýan ugurdan aýyrýan esasy bökdençlikleri görkezdi.

Aknur Saparowanyň baha bermegine görä, Orta geçelgäniň hakyky synagy bir soraga syrygýar: ýük onuň üsti bilen dünýäde eýýäm ýola goýlan ugurlar ýaly öňünden çaklap bolýan we ygtybarly görnüşde geçirilip bilinýärmi? Häzirlikçe işewürleriň tejribesinden gelip çykýan jogaplar üç esasy meseläni görkezýär.
Artykmaç araçylaryň zynjyry: iş ýüzünde ýük gümrük nokadyna ýetmezden ozal hem köp sanly potratçylaryň elinden — ekspeditorlardan, awtoulag ulag kompaniýalaryndan we aralyk resmileşdiriş gurluşlaryndan geçýär. Her bir goşmaça halka ulagyň saklanmagyna sebäp bolýan täze nokatlary döredýär we jogapkärçiligiň ýaýramagyna getirýär. Türkmen logistleriniň amaly tejribesi zynjyrdaky operatorlaryň sanynyň azaldylmagynyň üstaşyr daşamalaryň möhletleriniň öňünden çaklanyşyny dessine ýokarlandyrýandygyny görkezýär.
Sanly resminama bolan ynam. Sebit ýurtlary gümrük amallaryny işjeň ýagdaýda sanlylaşdyrýarlar. Türkmenistan e-TIR ulgamlaryny ornaşdyrýar we demir ýol edaralarynyň (Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gruziýa) dört taraplaýyn duşuşygynda gazanylan geçelgäni sanlylaşdyrmak baradaky ylalaşyklary ösdürýär. Şol bir wagtyň özünde Gyrgyzystan «Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan» magistral ýoluny öňe sürýär. Emma sanly resminama diňe goňşy serhetde oňa ynanylýan ýagdaýynda netijeli işleýär. Eger nobatdaky serhet geçelgesinde elektron deklarasiýa gaýtadan el bilen barlamak üçin ugradylsa, wagt tygşytlamagyň ähli netijesi ýitýär.
Infrastruktura boýunça öňünden çaklamaklygyň ýetmezçiligi. Hususy operatorlaryň tejribesinden alnan täsirli mysallaryň biri — Hytaýdan Azerbaýjana ýel elektrik stansiýasy üçin uly göwrümli enjamlary daşamak maksady bilen düýbünden täze serhet geçelgesini «noldan» gurmagyň zerur bolmagydyr. Bu ýagdaý Orta geçelgäniň eýýäm iň çylşyrymly taslama ýüklerini geçirip bilýändigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, ulgamyň geçirijilik çäkleri henizem meýilnamalaşdyrma tapgyrynda öňünden hasaplanylman, diňe amaly synaglar — synanyşyk we ýalňyşlyk usuly arkaly ýüze çykarylýar.

Türkmen hünärmeniniň esasy netijesi milli derejedäki biri-birinden üzňe logistika başlangyçlaryndan bitewi sebit strategiýasyna geçmegiň zerurdygyndan ybarat.
Bölekleýin ösüş — Hazar deňziniň portlary, Gyrgyzystanyň üsti bilen geçýän demir ýol ýa-da Gazagystandaky üstaşyr düwünler — diňe olaryň doly integrasiýasy üpjün edilen ýagdaýynda iň ýokary netijäni berer. Şeýle utgaşdyrma üçin esasy synag meýdançasy öňde boljak Awaza sammiti bolar. Onda ykdysadyýet we logistika gün tertibiniň bäş esasy ugrunyň biri hökmünde kesgitlenýär. Hut Awazada sebit döwletleriniň Liderleri Orta geçelgäniň bitewi ylalaşylan önüm hökmünde derejesini berkidip bilerler.
Şunuň bilen birlikde, Beýik Britaniýanyň Ýewraziýanyň arabaglanyşygyny ösdürmekdäki orny gönüden-göni infrastruktura maliýeleşdirmekden has köp derejede ýokary derejeli institusional gurallary hödürlemekde görülýär. Munuň içine ilkinji bolup bazara girýän kompaniýalaryň töwekgelçiliklerini azaltmak üçin söwda maliýeleşdirmesi we eksport karzlaşdyrmasy; halkara geleşiklerini goramak üçin iňlis hukugyna esaslanýan şertnamalary ulanmak; taslamalaryň bank taýdan maliýeleşdirilip bilinmegini ýokarlandyrýan ätiýaçlandyryş we töwekgelçilikleri dolandyrmak mehanizmleri girýär.

“Esasy maksat şundan ybarat: Aşgabatda resmileşdirilen sanly resminama Rotterdamda öňe sürülen resminama bilen deň derejede institusional ynam döretmeli. Şeýle ynam gurşawy döredilen badyna ýük akymlarynyň artmagy gutulgysyz netijä öwrüler” diýip, Aknur Saparowa jemledi.
“C5+UK” forumynyň ulag bölümindäki pikir alyşmalar Orta geçelgäniň ýollary gurmak baradaky ýönekeý çekişmeler tapgyryndan eýýäm geçendigini görkezdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewürleri we bilermenleri halkara hyzmatdaşlardan düzgünleri, sanly ulgamlary we hukuk ygtyýarlyklaryny birmeňzeş görnüşe geçirmek boýunça anyk ädimlere garaşýarlar. Türkmenbaşy şäherindäki kuwwatly port infrastrukturasyna we Hazar logistikasyna çuňňur gatnaşygyna eýe bolan Türkmenistan bu täze sanly we hukuk ýagdaýynyň esasy halkalarynyň birine öwrülýär.
Bekdurdy Amansaryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi








