

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda golfy ösdürmäge isleg bildirýärler
Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda golfy we sport ulgamyny ösdürmek işine gatnaşmaga bolan isleglerini beýan etdiler.


Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda golfy we sport ulgamyny ösdürmek işine gatnaşmaga bolan isleglerini beýan etdiler.


Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farruh Şarifzodanyň «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasynyň (NAPECO)» baş direktory Maksat Pirliýew bilen duşuşdy.


Duşenbe güni 23-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurda nah ýüplük ugratmak üçin $471,5 müň we 1,5 million manatlyk geleşikleriň 4-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Duşenbe güni, 23-nji maýda Tähranda YHG-niň sekratariýatynda YHG-ny özgertmek işi boýunça örän işjeň häsiýetli iki günlük ara alyp maslahatlaşma başlandy. Çäre agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçýär.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $13,5 million we 654,4 million manatlyk geleşikleriň 54-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Şenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Beýik Britaniýanyň wekili Jet A-1 görnüşli awiakerosiniň 5 müň tonnasyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Anna güni, 20-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $4,6 million we 540,2 million manat bolan geleşikleriň 35-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Туркменистан 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Hytaýa tebigy gazyň eksport edilişini pul görnüşinde 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,53 esse artdyrdy diýip, HHR-niň Baş gümrük müdirligine salgylanmak bilen, TASS ýazýar.


2022-nji ýylyň soňky 4 aýynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody, taýýar önümleriň, esasan hem benziniň önümçiligini artdyrdy diýip, Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň web sahypasy habar berýär.


1-nji iýundan başlap, eýranly ýük daşaýjylar Türkmenistanyň gury ýerüsti çägi boýunça Sarahs-Farap-Sarahs ugry bilen Özbegistana çenli gatnap bilerler. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň saýtynda ýerleşdirilen bildirişde habar berilýär.


Penşenbe güni, 19-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 96,3 million manatlyk geleşikleriň 4-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Şu ýyl Türkmenistanda önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 52-si ulanylyşa tabşyrmaga taýýarlanylýar. Bu barada penşenbe güni Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer Muhammetguly Muhammedow hasabat berdi.


Penşenbe güni türkmen Hökümetiniň mejlisinde salgyt syýasaty babatda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistanda 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,8 milliard manada deň boldy.


Sişenbe güni, 17-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $3,5 million we 1,2 milliondan gowrak manat bolan 4 geleşik baglaşyldy, diýip ORIENT-iň habarçysy habar berýär.