Moskwanyň biržasy Özbegistanyň, Ermenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň walýutalarynyň söwdasyna başlar


Moskwanyň biržasy 27-nji iýunda walýuta bazarynda Özbegistanyň sumynyň, Ermenistanyň dramynyň we Günorta Afrika Respublikasynyň rendiniň söwdasyna başlar. Bu barada söwda meýdançasyna salgylanýan Russiýanyň “Praým” ykdysady maglumatlar agentligi habat berýär.
“Täze walýutalar bazaryň tejribeli gatnaşyjylarynyň, olaryň müşderileri bolan fiziki we ýuridiki şahslaryň, şol sanda daşary ykdysady işler boýunça subýektleriň söwda mümkinçiliklerini giňelder” – diýip, Moskwanyň biržasynyň berýän habarynda bellenilýär.
Söwda gatnaşýanlar we olaryň müşderileri üçin günortaafrikan rendi – Russiýanyň rubly (ZAR/RUB), ABŞ-nyň dollary – günortaafrikan rendi (USD/ZAR), ermeni dramy – Russiýanyň rubly (AMD/RUB), ABŞ-nyň dollary – ermeni dramy (USD/AMD) we özbek sumy – Russiýanyň rubly (UZS/RUB) walýuta jübütlerine spot we swop şerti bilen walýuta alyş-çalyşyny amala aşyrmak mümkinçiligi dörediler.
BAE-niň dirhamy – Russiýanyň rubly (AED/RUB) walýuta jübütiniň söwdalarynyň başlanýandygy barada birža goşmaça habar berer.
Ozal, “РИА Nowosti” habarlar agentligine beren interwýusynda Moskwanyň biržasynyň walýuta bazary departamentiniň müdiri Andreý Skabelin Moskwanyň biržasynyň ýakyn wagtda ermeni dramynyň, özbek sumynyň we arap dirhamynyň söwdasyna başlamagy göz öňünde tutýandygyny aýdypdy. Onuň aýtmagyna görä, birža bu walýutalara gyzyklanma bar diýip hasaplaýar.
ORIENT news








