HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Energetika we ulag – Türkmenistan PHYF-da ýakynlaşmagyň möhüm ugurlaryny belledi

Iýun 17, 2022 | 19:20 |14982
“GDA-nyň çäklerinde netijeli ysnyşykly hereketler iri ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýan giňişlik hökmünde täze anyk ýagdaýlarda ösüşiň kuwwatly itergisine öwrülip biler” diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeli Serdarow penşenbe güni Peterburgda geçýän Halkara ykdysady forumynda aýtdy.“GDA-nyň çäklerinde netijeli ysnyşykly hereketler iri ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýan giňişlik hökmünde täze anyk ýagdaýlarda ösüşiň kuwwatly itergisine öwrülip biler” diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeli Serdarow penşenbe güni Peterburgda geçýän Halkara ykdysady forumynda aýtdy.
Çeşme:

“GDA-nyň çäklerinde netijeli ysnyşykly hereketler iri ulag we energetika taslamalary amala aşyrylýan giňişlik hökmünde täze anyk ýagdaýlarda ösüşiň kuwwatly itergisine öwrülip biler” diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeli Serdarow penşenbe güni Peterburgda geçýän Halkara ykdysady forumynda aýtdy.

Türkmen Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysy “Ösüş üçin ýakynlaşmalar: täze gözýetimler” meselelesine degişli maslahata gatnaşdy, şonda pandemiýanyň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmekde we kowid döwründen soň, dünýäniň täze ykdysadyýetini gurmakda GDA ýaly sebit birleşmeleriniň eýeleýän orny hem-de görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Туркменистан обозначил на ПМЭФ ключевые направления интеграции

Serdarow özara ýakynlaşmalaryň strategik ugry hökmünde, ilkinji nobatda, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edilmegini görkezdi.

“Energiýa serişdeleriniň öndürilmegini, iberilmegini hem-de sarp edilmegini öz içine alýan köptaraplaýyn hem-de bölünmez energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bu ugurda Türkmenistanyň teklipleriniň hem-de anyk hereketleriniň mazmunyny kesgitleýär” diýip, ministr aýtdy.

Ol beýleki möhüm ugur hökmünde ulag babatda, Arkalaşygyň ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň ösürilmegi, iri ulag-logistika merkezleriniň döredilmegi babatda özara hereket edilmelidigini görkezdi.

Туркменистан обозначил на ПМЭФ ключевые направления интеграции

“Utgaşykly, sazlaşykly we ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň döredilmegi maýa goýum işjeňligini anyk ýagdaýda höweslendirer, dünýä, sebit hem-de milli derejelerde ykdysady we durmuş görkezijileriniň ýokarlanmagyna ýardam eder” diýip, Türkmen maliýe-ykdysady edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Muhammetgeldi Serdarow şu ýylyň 15-16-njy awgustynda Aşgabatda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatynyň geçiriljekdigini ýatlatdy hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ählisine bu foruma gatnaşmaga çakylygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

“Bize täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek hem-de ulag hyzmatlarynyň iri bazarlaryna bilelikde çykmak maksady bilen, biziň ýurtlarymyzyň bäsleşige ukyply artykmaçlyklaryny -- çäk taýdan ýerleşişlerini, düzümler taýdan laýyk gelmegini, hyzmatdaşlyk etmegiň tejribesini we däplerini anyk durmuşa geçirmegi öwrenmek gerek. Özi-de, örän gysga wagtyň içinde başarmagymyz gerek” diýip, Serdarow maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Туркменистан обозначил на ПМЭФ ключевые направления интеграции

Ol şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mysaly hökmünde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny atlandyrdy. Bu taslama Ýewraziýa yklymynda GDA döwletleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge oňat mümkinçilikleri açýar.

Ministr öz çykyşynda makroykdysady we düzümleýin syýasatda aýgytly çäreleri talap edýän töwekgelçiligiň esasy taraplaryny agzap geçdi. Olar: çig-mal harytlaryna nyrhlaryň ep-esli artmagydyr, harytlaryň iberilmeginde bökdençlikleriň döremegidir, azyk üpjünçiliginiň durnuksyzlygynyň ýokarlanmagydyr we ş.m. Mysal üçin, BSG-nyň maglumatlaryna görä, GDA sebitinde önümçiligiň möçberiniň 7,9% azalmagyna garaşylýar, bu bolsa sebitiň importynyň 12% peselmegine getirer, şunda eksport energiýa serişdelerine bahalaryň artmagynyň hasabyna 4,9% köpeler.

Туркменистан обозначил на ПМЭФ ключевые направления интеграции

Söwdanyň giňeldilmegi, söwda amallarynyň resmi bellige alynyşynyň azaldylmagy we ýönekeýleşdirilmegi, bu ulgamda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň höweslendirilmegi biziň döwletlerimiziň ykdysadyýetleriniň pandemiýadan soň täzeden has durnukly dikeldilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, Muhammetgeldi Serdarow aýtdy.

Şeýle hem maslahatda Ýewraziýa ykdysady toparynyň integrasiýa we makroykdysadyýet boýunça ministri Sergeý Glazýew, GDA-nyň Ýerine ýetiriji kommitetiniň başlygy -- ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Russiýa we Belorussiýa soýuz döwletiniň döwlet sekretary Dmitriý Mezensew, GDA-nyň ykdysady geňeşiniň başlygy, Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Bahyt Sultanow çykyş etdiler.

Maslahaty alyp baran belli rus žurnalisti, ykdysady synçysy Alekseý Bobrowskiý pikir alyşmalary jemläp, GDA ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň hem-de özara ýakynlaşma işleriniň esasy öňe alyp barjak güýjüniň energetika boljakdygy barada möhüm netije çykardy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026
Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär

17:05 Iýun 18, 2026
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026