Aşgabat gazna biržasy gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň meýilnamalary barada gürrüň berdi


– Aşgabat gazna biržasynyň we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasynyň (USAID) wekilleri Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň meýilnamalary barada gürrüň berdiler – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Bu maglumat 2022-nji ýylyň aprel-iýun aýlary aralygynda geçirilen dellalçylyk hyzmatlary we gymmatly kagyzlaryň çykarylmagy boýunça okuwlary üstünlikli tamamlandyklary üçin oňa gatnaşanlara şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde yglan edildi.

Geljek üç ýylyň dowamynda USAID-iň goldaw bermeginde AGB-nyň ýurtda hususy dellal we maýa goýum kompaniýalarynyň döremegine, gymmatly kagyzlar hasaplaşyklary üçin merkezi ammaryň döredilmegine, maýadarlar we emitentler (gymmatly kagyzlary çykarýan guramalar) üçin amatly bazar gurşawynyň döremegine ýardam berjekdigi mälim boldy.

Aşgabat gazna biržasynda elektron söwda ulgamyny ornaşdyrmak we täze maliýe önümlerini, şol sanda korporatiw obligasiýalary, REPO (gymmatly kagyzlary satyn almak we satmak usuly), birža maýa goýum gaznalaryny, deriwatiwleri, ýagny 2-nji derejeli gymmatly kagyzlary satmak meýilleşdirilýär.
AGB daşary ýurt biržalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär we gymmatly kagyzlary bilelikde birža sanawyna girizmek mümkinçiligini, şeýle-de, biržanyň okuw merkeziniň işini doly ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

AGB-nyň USAID bilen bilelikde dellallar we emitentler üçin guran okuwlary gymmat bahaly kagyzlar boýunça hususy dellallaryň sanynyň 25-e çenli artmagyny we korporatiw paýnamalary we obligasiýalary çykarmak arkaly maliýe serişdelerini çekmek üçin mümkinçilikler barada türkmen kompaniýalarynyň eýeleriniň we menejerleriniň habarly bolmagyny üpjün etdi.

Şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasynda ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasynyň (USAID) Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze okuwlara gatnaşanlara ýüzlenip: “Siziň ähliňiz – şu ýoly ilkinji geçijiler we şu ýoly döredijidirsiňiz. Işiň täze görnüşlerini we maliýe serişdelerini çekmegiň usullaryny synap görmäge bolan yhlasyňyz netijesinde siz ykdysadyýeti öňe sary ilerledersiňiz” diýdi.

AGB 2016-njy ýylda döredilip, ol ýurtda maýa goýum bazarlaryny emele getirmekde öňdebaryjy edara hökmünde hereket edýär. USAID we AGB Türkmenistanda durnukly we netijeli hereket edýän maýa goýum bazaryny döretmegine garaşylýan ýol kartasynyň üstünde işleýärler.
ORIENT news








