

Dragon Oil – OGT-2022-niň gymmatly hyzmatdaşy
BAE-niň Dragon Oil kompaniýasy 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly Halkara maslahatynda gymmatly hyzmatdaş hökmünde çykyş eder.


BAE-niň Dragon Oil kompaniýasy 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly Halkara maslahatynda gymmatly hyzmatdaş hökmünde çykyş eder.


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow “Işewür Hazar” atly hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň işewür hyzmatdaşlygynyň Halkara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşyk çarşenbe güni “Skolkowo” tehnoparkynda 5-6-njy oktýabrda Moskwada geçirilen II Hazar ykdysady forumynyň maksatnamasynyň çäklerinde bolup geçdi.


Türkmenistan we Gyrgyzystan 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda söwdanyň möçberini üç esse artdyryp, 59,88 million dollara ýetirdi – diýip, Türkmenistandaky Gyrgyzystanyň işler ynanylan wagtlaýyn wekili «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda gürrüň berdi.


Türkmenistan Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ýeke-täk “harytlary geçiriş ulgamyny” döretmegi teklip edýär. Bu barada penşenbe güni wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.


Türkmen hökümetiniň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwada Hazar ykdysady forumynda çykyş edip hazarýaka ýurtlaryny energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.


Şeýle beýanat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Moskwanyň “Skolkowo” merkezinde guralan Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde çykyş etdi diýip, TASS rus agentligi habar berýär.


Çarşenbe güni, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,8 million bolan 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


“Gazagystan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrjak serhetaşa merkezleri döretmek boýunça uly meýilnamalary göz öňünde tutýar. Bular Aktau we Kuryk deňiz portlary, “Horgos” gury porty, “Merkezi Aziýa” Halkara senagat hyzmatdaşlyk merkezi we beýlekiler" - diýip, Gazagystanyň premýer-ministri Alyhan Smailow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.


Gyrgyzystan 2023-nji ýylda Türkmenistandan we Gazagystandan 2,6 mlrd.Kwt.s elektrik energiýany import eder. Bu barada penşenbe güni, 6-njy oktýabrda Žokorku Keneşiniň (parlament) mejlisinde energetika ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Taaýlaýbek Ibraýew aýtdy diýip, Tazabek habar berýär.


“Türkmenistan häzirki wagtda gurluşygyna rus kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýan infrastrukturasyna ep-esli maýa goýýar. Bu ýerde Hazar deňziniň iň döwrebap porty Türkmenbaşy porty guruldy" - diýip, Russiýanyň Ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow şu gün Moskwada işe başlan II Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda “Rossiýskaýa Gazeta " beren interwýusynda aýtdy.


Şu gün Moskwada II Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde “Hazar: Ýewraziýa ulag-logisika merkezi” diýen at bilen tegelek stol geçirildi.


Ispaniýanyň Ibertest kompaniýasy «Turkmendemirýollary» agentligine demir ýollary synag etmek üçin Milli barlaghanany döretmegi teklip etdi, bu geljekde Türkmenistanda ýokary tizlikli demirýol ulgamyny gurmaga kömek eder.


Eýranyň Söwda ösüşi guramasynyň ýolbaşçysy Alireza Peýmanpak öňde boljak II Hazar ykdysady forumy barada teswirläp, Hazarýaka sebitinde erkin söwda zolagy döredilen ýagdaýynda, Eýranyň ABŞ-nyň 600-700 milliard dollary möçberindäki bazara eýe bolup bilmek mümkinçiligi barada aýtdy diýip, TASS habar berýär.


Duşenbe güni, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy 16,8 million manat bolan 13 geleşik geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


HIL-TM merkezi we Halkara standart hyzmatlary HK-sy halkara ISO standartlaryna laýyklykda milli kompaniýalara baha bermek we sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýär, bu işleri ýerine ýetirmek bilen, olar dünýä bazarynda türkmen önümlerine bolan ynamy artdyrýarlar.