Habarlar

Türkmenistanda Global GAP obasenagat standartlary boýunça milli topary döretmek meýilleşdirilýärTürkmenistanda Global GAP obasenagat standartlary boýunça milli topary döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda Global GAP obasenagat standartlary boýunça milli topary döretmek meýilleşdirilýär

Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen maslahatlaşmalarda Türkmenistanda Global GAP boýunça Milli tehniki iş toparyny döretmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem onuň ýurduň oba hojalyk öndürijilerine we ykdysadyýetine getirip biljek peýdasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Germaniýanyň Global GAP oba hojalyk önümleriniň hil standartyny sertifikatlaşdyrmak boýunça kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşiginiň gatnaşmagyna geçirildi.

Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň arasynda işewür duşuşyk geçirildiParižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň arasynda işewür duşuşyk geçirildi

Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň arasynda işewür duşuşyk geçirildi

Çarşenbe güni Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň işewür duşuşygy geçirildi. Gepleşikler business lunch görnüşde geçirilip, oňa VINCI Construction, CARPI Tech, MEDEF International, SAFRAN, PMJC, CIS Energy, IN Groupe, Thomson Broadcast, Oberthur, Airbus D&S, Saberatours fransuz kompaniýalarynyň we ýene-de birnäçe beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.