HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmendeňizderýaýollary» Fransiýanyň BV klassifikasiýa jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Fewral 18, 2023 | 16:23 |6048
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleriniň we Fransiýa Respublikasynyň Kwalifikasiýa jemgyýetiniň Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) wekilleriniň onlaýn-duşuşygy bolup geçdi, onuň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmegiň we ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleriniň we Fransiýa Respublikasynyň Kwalifikasiýa jemgyýetiniň Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) wekilleriniň onlaýn-duşuşygy bolup geçdi, onuň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmegiň we ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: janniessalon.nl

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekilleriniň we Fransiýa Respublikasynyň Kwalifikasiýa jemgyýetiniň Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) wekilleriniň onlaýn-duşuşygy bolup geçdi, onuň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk giňeltmegiň we ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BV Türkmenistanda hasaba alnan gämileriň halkara talaplaryna laýyklykda guratlygyna kepil geçmek hyzmatyny 2020-nji ýylda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda ýerine ýetirýär.

Fransiýanyň BV Klassifikasiýa jemgyýeti Halkara kalssifikasion jemgyýetiniň birleşmesiniň (MAKO) agzasydyr, onuň işjeňligi deňiz daşamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça standartlaryň we düzgünleriň işlenip düzülmegine gönükdirilendir. Birleşme 11 sany has iri klassifikasion jemgyýetleri birleşdirýär.

BV deňziň hapalanmagynyň öňüni almaklyga ýöriteleşen, şeýle hem gämileriň gurluşygynda tehniki gözegçiligi amala aşyrmaklyga, halkara sertifikatlaşdyrma hyzmatlaryny amala aşyrmaklyga ýöriteleşendir.

Häzirki wagtda BV Türkmenistanda hasaba alnan ýüzýän serişdelere halkara ölçeglerine laýyklykda şahadatnamalary bermek işini alyp barýar. Hazar deňziniň türkmen böleginde içerki suw ýollarynda deňiz gämiçiliginiň düzgünleriniň berjaý edilişine we Türkmenistanyň goşulan halkara ylalaşyklarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar. Türkmen baýdagynyň astynda ýüzýän gämiler Türkmenistanyň söwda deňiz gatnawynyň kodeksiniň talaplaryna laýyklykda gümrük barlagyndan geçýärler.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky gämiçilige döwlet gözegçiligi Administrasiýasynyň wekilleriniň gämileriň ulanylyşda guratlygyny barlamak babatynda hünäri ýokarlandyrmak baradaky okuwa gatnaşandyklaryny belläp geçmelidiris. Okuw Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki BV-niň şahamçasynda geçirildi.

Klassifikasion jemgyýet – bu garaşsyz kärhana bolup, baýdaklarynyň administrasiýasy ony ykrar eden ýurtlaryň gämilerine klassifikasiýa we degişli gözegçiligi amala aşyrýar. Bu guramalar deňiz desgalaryny taslamalaşdyrmakda, gurmakda we olara gözegçilik etmekde tehniki ölçegleri işläp düzýärler. Anyk bir klassifikasiýa jemgyýetiniň düzgünlerine laýyklykda taslamasy ýerine ýetirilen we gurlan gämi şol jemgyýete ýüz tutup bilýär we ondan klassifikasiýa barada Şahadatnama alyp bilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026