Habarlar

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda toplumlaýyn ulag resminamasy taýýarlanýarEýran bilen Türkmenistanyň arasynda toplumlaýyn ulag resminamasy taýýarlanýar

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda toplumlaýyn ulag resminamasy taýýarlanýar

Ulag gatnaşyklary meselesinde Türkmenistan bilen Eýranyň umumy gyzyklanmalary bar we her gije-gündizde 600 wagonyň Sarahs we Inçeburun serhet geçelgelerinden geçýändigini nazara almak bilen, ulaglaryň köpelmegine garaşylýar. Bu meseleler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş bilen geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk 30-njy maýda, sişenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tährana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda elektrik geçiriji ulgamlaryň kuwwaty iki esse artarEýran bilen Türkmenistanyň arasynda elektrik geçiriji ulgamlaryň kuwwaty iki esse artar

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda elektrik geçiriji ulgamlaryň kuwwaty iki esse artar

Häzirki wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 500 MWt energiýa alyş- çalyş kuwwaty iki ýurduň arasynda täze elektrik geçiriji liniýa açylandan soň iki esse artar. Bu barada Eýranyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabyan Tährana sapar amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanyndaky türkmen wekiliýeti bilen sişenbe güni geçirilen duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy.

Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe başlaýarEýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe başlaýar

Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe başlaýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Pars aýlagy meseleleri boýunça baş müdiri Alireza Enaýati IRNA habarlar agentligi bilen söhbetdeşlikde Omanyň soltany Haýtam bin Tarik Al Saidiň ýakynda Tährana eden saparynyň dowamynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy meseleleriniň esasy ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar bolandygyny aýtdy.Enaýatiniň sözlerine görä, Tähran bilen Maskatyň arasynda Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky üstaşyr ugra degişli "Aşgabat şertnamasyny" işjeňleşdirmek üçin çynlakaý gepleşikler alnyp barylýar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda 2022-nji ýylda 5 esse, 2023-nji ýylda 2 esse ösdiTürkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda 2022-nji ýylda 5 esse, 2023-nji ýylda 2 esse ösdi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda 2022-nji ýylda 5 esse, 2023-nji ýylda 2 esse ösdi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy, 2021-nji ýyla garanyňda, 2022-nji ýylda 5 esse artdy we şu ýylyň başyndan bäri, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan 2 esse ýokarlandy. Bu barada wise- premýer Batyr Atdaew Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiligi – maýa goýumlarynyň geljegi uly ugryTürkmenistanyň üstaşyr mümkinçiligi – maýa goýumlarynyň geljegi uly ugry

Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiligi – maýa goýumlarynyň geljegi uly ugry

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Moskwada ýakynda geçirilen Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň mejlisinde ÝAYG ýurtlaryna Türkmenistanyň we Eýranyň deňizde we gury portlarynda infrastrukturany gurmak üçin bilelikdäki maýa goýumlarynyň mümkinçiligine garamaga çagyrdy. Onuň pikiriçe, bu bileleşige agza döwletleriň eksportynyň geografiýasyny ep-esli giňelder we maddy-tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirer.