HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: STG we dokma önümleri eksport edildi

Maý 30, 2023 | 12:09 |4695
Duşenbe güni, 29-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy - diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 29-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy - diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Duşenbe güni, 29-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,7 mln amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy - diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekili suwuklandyrylan gazyň 200 tonnasyny satyn aldy, onuň her tonnasyna $368,20 amerikan dollary baha berildi. Geleşigiň jemi bahasy $73,6 müň amerikan dollaryna deň boldy.

Azerbaýjandan gelen işewürler tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň 46 müň kg gowragyny $211,6 müň amerikan dollaryna, şeýle hem ranfors matasynyň 3,9 mln inedördül metrini $1,4 mln amerikan dollaryna satyn aldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026