HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen duşuşyk geçirildi

Maý 30, 2023 | 10:14 |7793
Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew BB-nyň wekiliýetiniň baştutany bolup Aşgabada gelen Bütindünýä bankynyň (BB) Türkmenistandaky we Gazagystandaky täze hemişelik wekili bilen duşuşyk geçirdi.Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew BB-nyň wekiliýetiniň baştutany bolup Aşgabada gelen Bütindünýä bankynyň (BB) Türkmenistandaky we Gazagystandaky täze hemişelik wekili bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet Ministrligi tarapyndan berildi

Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew BB-nyň wekiliýetiniň baştutany bolup Aşgabada gelen Bütindünýä bankynyň (BB) Türkmenistandaky we Gazagystandaky täze hemişelik wekili bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistanyň we Bütindünýä bankynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermek üçin mundan beýläkki bilelikdäki hereketleri baradaky resminamanyň taýýarlanmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baştutany COVID-19 jogap gaýtarmak taslamasynyň çäklerindäki üstünlikli hyzmatdaşlygy mysal getirip, BB bilen özara gatnaşyklaryň oňyn dinamikasyny belledi. Ol miweçiligi we ekerançylygy ösdürmek babatynda, şeýle hem Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça alnyp barylýan işler babatynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki işler üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky täze hemişelik wekili görkezilen ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin taýýardygyny belledi. BB-nyň milli kanunçylygy seljermek we kämilleşdirmek üçin tehniki maslahatlary bermäge, şeýle hem oba hojalygy babatdaky taslamalary maliýeleşdirmäge mümkinçilikler bardyr – diýip, Mihnew nygtady.

Bulardan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň sebitleýin taslamalaryna gatnaşmagyny, şeýle hem dürli pudaklaryň hünärmenleri üçin tehniki maslahatlaryň berilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. BB-nyň daşky gurşawy goramaga gönükdirilen başlangyçlary goldamakda gyzyklanýandygy bellenildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026