Habarlar

Eýranyň Nebit ministri Türkmenistan bilen gaz şertnamasyny yglan etdiEýranyň Nebit ministri Türkmenistan bilen gaz şertnamasyny yglan etdi

Eýranyň Nebit ministri Türkmenistan bilen gaz şertnamasyny yglan etdi

Eýranyň Nebit ministri Jawad Oji ýakyn wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz şertnamasyna gol çekiljekdigini, şertnama laýyklykda Eýranyň iýun aýynda Türkmenistandan her gije-gündizde 10 million kub metr gaz import edip başlajakdygyny aýtdy. "Isna" habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, bu barada ministr "Türkmengaz" DK-niň baştutany Batyr Amanow bilen duşuşygyň çäginde žurnalistlere habar berdi.