HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

EastFruit: Türkmenistan pomidor bazarynda - indi Täjigistanda ornaşmagyny dowam etdirýär

Maý 27, 2023 | 19:56 |9965
Merkezi Aziýada, Kawkazda we Gündogar Ýewropada miwe we gök önüm
bazarynyň maglumat we seljeriş platformasy bolan EastFruit bilermenleri ýyladyşhana
gök önümlerini, ilkinji nobatda parnik pomidorlaryny öndürmekde we eksport etmekde
Türkmenistanyň halkara bazarlarda çalt ornaşýandygyna ünsi çekdiler.Merkezi Aziýada, Kawkazda we Gündogar Ýewropada miwe we gök önüm
bazarynyň maglumat we seljeriş platformasy bolan EastFruit bilermenleri ýyladyşhana
gök önümlerini, ilkinji nobatda parnik pomidorlaryny öndürmekde we eksport etmekde
Türkmenistanyň halkara bazarlarda çalt ornaşýandygyna ünsi çekdiler.
Çeşme: east-fruit.com

Merkezi Aziýada, Kawkazda we Gündogar Ýewropada miwe we gök önüm bazarynyň maglumat we seljeriş platformasy bolan EastFruit bilermenleri ýyladyşhana gök önümlerini, ilkinji nobatda parnik pomidorlaryny öndürmekde we eksport etmekde Türkmenistanyň halkara bazarlarda çalt ornaşýandygyna ünsi çekdiler.

Hususan-da, Türkmenistan indi birnäçe ýyl bäri Özbegistanyň adaty satuw bazarlarynda işjeň ýagdaýda ondan öňe geçýär. EastFruit: "Ozal özbek eksportçylary türkmen kärdeşlerini diňe bahada bäsleşip biler diýip hasaplaýan bolsalar, indi Türkmenistanda öndürilen ýyladyşhana pomidorlary hil taýdan hem ep-esli ösüş görkezýär" – diýip ýazýar.

Munuň aýdyň mysalyny anna güni Türkmenistandan ýyladyşhana pomidorlarynyň ilkinji uly tapgyry gelen Täjigistanyň bazarlarynda görmek bolýar.

“Bu gün Hujand lomaý bazaryna türkmen ýyladyşhana pomidorlary ýüklenen ilkinji ýük awtoulagy geldi we onuň ýarysy eýýäm satyldy. Oňa, hakykatdanam alyjylar nobata durýar, aýratyn-da bu önüme söwda merkezleri ulgamlaryny üpjün edijiler isleg bildirýärler. Onuň esasy sebäbi hiliniň ýokarylygy, daş görnüşi we gaplama aýratynlygydyr.

Mundan başga-da, türkmen pomidorlarynyň alyjylara ýaraýan we gowy satuwy kepillendirýän bir tarapy bar, ol önümiň ýaşyl baldajyklardan goparylmadyk ýagdaýda alyja hödürlenmegidir” – diýip, FAO-nyň halkara geňeşçisi Bahtiýor Abduwahidow aýdýar. Şeýle hem, ol Türkmenistandan gelen ýyladyşhana pomidorlarynyň Täjigistanyň bazarynda diňe Özbegistanyň ýyladyşhana önümleri bilen däl, eýsem açyk meýdanda ýetişdirilen ýerli pomidorlar bilen hem üstünlikli bäsleşýändigini belleýär. Lomaý söwdada türkmen pomidorlarynyň bir kilogramynyň bahasy 0,65 dollar, açyk meýdanda ýetişdirilen ýerli önümiň bahasy bolsa 0,55 dollar. Emma türkmen pomidory, gymmatdygyna garamazdan, has gowy we çalt satylýar.

“EastFruit” taslamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy Guramasy (FAO), Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) we EU4Business tarapyndan goldanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026