HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: dizel ýangyjy, STG we tüýjümek önümler eksport edildi

Iýun 01, 2023 | 13:12 |5283
Çarşenbe güni, 31-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $7,3 mln amerikan dollaryna we 98,7 müň türkmen manadyna deň bolan 23 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Çarşenbe güni, 31-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $7,3 mln amerikan dollaryna we 98,7 müň türkmen manadyna deň bolan 23 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Çarşenbe güni, 31-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $7,3 mln amerikan dollaryna we 98,7 müň türkmen manadyna deň bolan 23 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den we Owganystandan gelen işewürler gidro usulda arassalanan ýangyjyň jemi 6,5 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna $575,50 amerikan dollary baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy $3,7 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Özbegistanyň, BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazyň 10 müň tonnasyny satyn aldylar. STG-yň her tonnasyna $341 amerikan dollary baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy $3,4 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Içerki bazarda ýerli telekeçi SN-350 kysymly esasy ýagyň 7 tonnasyny 98,7 müň TMT satyn aldy (bir tonnasynyň bahasy – 14 100 TMT).

Azerbaýjandan gelen işewürler 41,5 müň kg tüýjümek önümlerini $186,7 müň amerikan dollaryna (her kg bahasy - $4,50) satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026