

Türkmenistan energetika we ulag arabaglaşygyndaky ähmiýetli ornuny artdyrýar
Köpugurly hem-de görnüşli turba geçirijiler ulgamyny döretmek bilen, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmegi üçin täze ugurlary açýar.


Köpugurly hem-de görnüşli turba geçirijiler ulgamyny döretmek bilen, energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmegi üçin täze ugurlary açýar.


Dünýäniň 23 döwletinden 300-den gowrak wekil 28-nji "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023" halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu forum Aşgabat şäherinde ýene bir aýdan, ýagny 25 - 27-nji oktýabrda geçiriler.


Gepleşiklere gatnaşyjylar demir ýol we oňa degişli desgalaryň gurluşygy, demir ýol düzümini elektrikleşdirmek we beýleki ugurlarda döwletara derejesinde we hususy kompaniýalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler.


2022-nji ýylyň bütin dowamynda haryt dolanyşygy 2021-nji ýyldakydan 50 göterim artan bolsa, şu ýylyň ýarym ýylynda bu babatdaky ösüş ýene 5 göterim ýokarlandy.


Russiýa Federasiýasynyň hökümeti «banklary we dellallary, Russiýanyň walýuta bazaryna, şeýle hem maliýe gurallarynyň emele gelen bazaryna söwda etmäge rugsat beriljek» 30-dan gowrak dostlukly we bitarap ýurtlaryň sanawyny tassyklady. Bu barada buýruga premýer-ministr Mihail Mişustin gol çekdi diýip, TASS Russiýanyň Ministrler kabinetiniň saýtyna salgylanýar.


Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür.


Ýewropanyň söwda-senagat palatalary Assosasiýasy (Eurochambres) bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk gurmak, işewürligi ösdürmek üçin ýöriteleşdirilen platforma döretmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow we Eurochambres-iň ýolbaşçysy Wladimir Dlouhiniň arasynda geçirilen duşuşygyň temasy boldy.


Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Ýewropa Bilelelşiginiň maliýe ýardamy bilen Aşgabatda wençur maýa goýumlaryna bagyşlanan okuw sapaklarynyň täze tapgyryny gurady.


Aşgabadyň gazna biržasy “Gymmatly kagyzlar bazary we gymmatly kagyzlar bilen işlemek” ugry boýunça gysga möhletleýin okuwlara seçip alyş işini yglan edýär. Oňa soňky döwürde ýurdumyzda kemala gelýän gazna bazarynda gymmatly kagyzlaryň işi barada giňişleýin öwrenmek isleýän islendik adam gatnaşyp biler.


20-21-nji sentýabrda Türkmenbaşy şäherinde Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty boýunça iş saparlaryny amala aşyrdy.


Aşgabat şäherinde noýabr aýynda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisi geçiriler. Bu barada Eýranyň ýurdumyzdaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales mälim edýär diýip, “TASS” habarlar agentligi habar berýär.


Awstriýanyň Federal demir ýollarynyň ýük bölümi “Orta geçelge” ady bilen tanalýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesi arkaly Türkmenistana, Gazagystana we Özbegistana ýük daşar. Şunda daşalýan ýüküň howpsuzlygy we ygtybarlygy doly üpjün edilip, ol 30 gün töwereginde eltiler.


2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde agentligiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň (IDB) şeýle hem, Singapur portunyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Arap we fransuz banklary bileleşigi (UBAF) bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdylar. Ol Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň Fransiýa Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda baglaşyldy.