HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Eurochambres" Türkmenistanyň işewür toparlary bilen aragatnaşyk gurmaga gyzyklanma bildirýär

Sentýabr 21, 2023 | 19:30 |7255
Ýewropanyň söwda-senagat palatalary Assosasiýasy (Eurochambres) bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk gurmak, işewürligi ösdürmek üçin ýöriteleşdirilen platforma döretmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow we Eurochambres-iň ýolbaşçysy Wladimir Dlouhiniň arasynda geçirilen duşuşygyň temasy boldy.Ýewropanyň söwda-senagat palatalary Assosasiýasy (Eurochambres) bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk gurmak, işewürligi ösdürmek üçin ýöriteleşdirilen platforma döretmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow we Eurochambres-iň ýolbaşçysy Wladimir Dlouhiniň arasynda geçirilen duşuşygyň temasy boldy.
Çeşme: Belgiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan berlen

Ýewropanyň söwda-senagat palatalary Assosasiýasy (Eurochambres) bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk gurmak, işewürligi ösdürmek üçin ýöriteleşdirilen platforma döretmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow we Eurochambres-iň ýolbaşçysy Wladimir Dlouhiniň arasynda geçirilen duşuşygyň temasy boldy.

20-nji sentýabrda Ýewropalatanyň baş edarasynyň ýerleşýän şäheri bolan Brýusselde geçirilen duşuşyga, bu guramanyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ben Batters hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ilçi söhbetdeşlere Türkmenistanda Ýewropa işewürligini amala aşyrmagyň köp sanly mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi we Eurochambres bilen ýurduň esasy, giň işewür toparlaryny özünde jemleýän edaralaryň biri bolan Türkmen Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin ugurlaryny açyp görkezdi. TSSE, içerki önümleriň we hyzmatlaryň halkara bazarlaryna eksport edilmegini aňsatlaşdyrýan telekeçiler üçin esasy platformany we zerur goldawlary berýär.

Wladimir Dlouhi öz gezeginde Ýewropa Söwda-senagat palatalary birleşiginiň işine syn berdi we guramanyň diňe ÝB-ne agza ýurtlar bilen däl, eýsem beýleki döwletler bilen hem aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy. Eurochambres bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklibini goldady.

Bu nukdaýnazardan, iki tarapyň işewür toparlarynyň ünsüni özüne çekjek we mundan beýläkki täjirçilik gatnaşyklary üçin ýöriteleşdirilen platformanyň döredilmegine goşant goşjak bilelikdäki çäreleri we forumlary geçirmegiň geljegi göz öňünde tutuldy.

Gepleşikleriň dowamynda gelnen netijelerinden ýene biri, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy bilen Eurochambres-iň arasynda wideokonferensiýanyň başlamagy iki guramanyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly ädim bolar diýen umumy pikir boldy.

1958-nji ýylda döredilen Ýewropa ykdysady bileleşiginiň döredilmegine jogap hökmünde Eurochambres, Ýewropadaky 20 milliondan gowrak kärhananyň we 1700 sany sebit we ýerli palatalaryň giň ulgamydyr. Bu kärhanalaryň 93%-den gowragynyň 120 milliondan gowrak adamy bilelikde işleýän kiçi we orta kärhanalardygyny bellemelidiris.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026