

Türkmenistan Azerbaýjana gaz eksportyny 2 esse artdyrdy
Degişli döwürde Türkmenistan 732 million kub metr “mawy ýangyjy” Hazar aňyrsyndaky goňşy döwlete eksport etdi. Bu babatdaky geçen ýylky görkeziji 292 million kub metrdi.


Degişli döwürde Türkmenistan 732 million kub metr “mawy ýangyjy” Hazar aňyrsyndaky goňşy döwlete eksport etdi. Bu babatdaky geçen ýylky görkeziji 292 million kub metrdi.


17-nji awgust – 5-nji sentýabra çenli döwürde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň guran okuw çärelerine gatnaşdylar. Okuwlar syýahatçylyk pudagynyň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini öwrenmekde möhüm bolan bu pudakda edilýän çykdajylary hasaplamaklyga bagyşlandy.


Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde her bir 4 gatdan ybarat 24 sany ýaşaýyş jaýy gurlar. Bu gurluşyklary ýerine ýetirmek üçin bäsleşigiň bildirişi “Maru-Şahu Jahan” gazetinde çap edildi.


Lebap sebitinde pagta ýygnamak üçin 310 sany agyr tehnikalar, şol sanda 218 Jon Deere 9970 we 90 MX-1.8 kombaýnlary taýýarlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 9-njy sentýabrda Lebap, Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda “ak altynyň” ýygymyna başlanar, diýip, Türkmen gündogary gazeti habar berýär.


Köpçülikleýin güýzlük bugdaýyny ekmek işlerine 6-njy sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bir wagtda başlandy. Bu waka mynasybetli ýerli suratkeşleriň sergileri we çykyşlary bilen dabaralar guraldy. Däp bolşy ýaly, welaýatlaryň hormatly ýaşululary ýaş nesliň wekilleri bilen ilkinji tohumlary ýere okladylar, ondan soň bolsa, oba hojalygy tehnikalary ekin meýdanlaryna çykdylar.


4-5-nji sentýabr aralygynda Parižde türkmen delegasiýasynyň agzalary bilen fransuz işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda onlarça işewürlik duşuşygy geçirildi.


Ulag-kommunikasiýa pudagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän ugurlarynyň biridir we ol dünýä ulag ulgamyna goşulmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz bu pudakda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, deňiz we demir ýollary hem-de awiadaşamalar boýunça infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmak işine fransuz maýadarlaryna we bilermenlerini gatnaşmaga çagyrýarys diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew Pariž şäherinde fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen bolan işewürlik duşuşygynda mälim etdi.


Türkmenistanda ýakyn aýlarda Aşgabat we Pariž şäherleriniň arasynda ýolagçy uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeltmek boýunça tehniki işler alnyp barylýar. Bu barada Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryny orunbasary Batyr Annaýew Pariž şäherinde fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen işewürlik duşuşygynda mälim etdi.


Beýik Britaniýanyň “BP” kompaniýasynyň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe döwletleri boýunça edarasynyň prezidenti Geri Jonsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 25 – 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023” halkara maslahatyna gatnaşar.


Türkmenistanyň Deňiz söwda floty häzirki döwürde “Balkan” gämigurluşyk zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmaga taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu gämileri gurmak baradaky Karara gol çekdi. Öz gezeginde, “ORIENT” täze guruljak gury ýük gämileri, olaryň we deňiz ýük daşalyşyndaky ähmiýeti bilen okyjylary tanyşdyrmakçy.


Türkmen kärhanlary ýyladyş, suw üpjünçiligi, howalandyryş ulgamlary üçin öý hojalyk we senagat enjamlarynyň «Aquatherm Almaty 2023» atly 15-nji halkara sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyryrarlar diýip, Gazagystanyň «Курсив» neşiri habar berýär.


2023-nji ýylyň geçen döwründe Perm ülkesi 8728,91 kub metr bolan agaç önümlerini Türkmenistana iberdi. Bu babatda geçen ýylyň degişli döwründäki görkeziji 7214,05 kub metre deňdir.


“TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň dag magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Onda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.


TOLOnews gullugynyň berýän habaryna görä, magdan we nebit senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar metbugat wekilleri bilen söhbetdeşlikde şertnamalarda doly aç-açanlygyň bardygyny we onuň magdanlaryň bikanun gazylyp alynmagynyň we bikanun getirilmeginiň öňüni aljakdygyny aýtdy.


Yrak bilen Eýranyň arasynda geljekki demirýol üçin daş goýmak dabarasy Yragyň Basra welaýatynyň Şalamçe şäherindäki serhet geçelgesinde geçirildi. "Shafaq News"-yň habaryna görä bu çärä Yragyň Premýer-ministri Muhammet as-Sudani we Eýranyň birinji Wise-prezidenti Mohammad Mohber gatnaşdy.