HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Hytaýa gaz eksportyny 8 aýda 5 göterim artdyrdy

Sentýabr 21, 2023 | 21:10 |8771
Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür.Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür.
Çeşme: orient.tm

Turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksport etmek boýunça Türkmenistan ozalkylary ýaly birinji ýerde barýar. Munuň şeýledigine Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň berýän maglumatlary görkezýär.

Şu ýylyň ýanwar - awgust aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 6,63 milliard dollar bolan tebigy gazy Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 5 göterim köpdür.

Ikinji ýerde barýan Russiýa geçen 8 aýda umumy bahasy 4,46 milliard dollar bolan tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaýa iberdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 86,4 göterim köpdür. Degişli döwürde Mýanma turbageçirijiler arkaly Hytaýa gaz eksportyny 16,2 artdyryp, bu babatda umumy görkezijisi 993,94 million dollara deň boldy. Hytaýa turbageçirijiler arkaly gaz eksport etmekde 3-nji ýerde barýan Gazagystan degişli görkezijini 2,3 göterim ýokarlandyryp, 782,91 million dollarlyk, Özbegistan bolsa, 40 göterim artdyryp, 370,57 million dollarlyk gaz iberdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026