HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Sentýabr 28, 2023 | 18:09 |5425
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa bilen duşuşdy.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýa bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasynda gazanylan özara gatnaşyklaryň derejesi barada pikir alşylyp, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşini bellediler. Soňky 2 ýylda Türkmenistan 4 sany gümrük konwensiýasynyň agzasy boldy. Şeýle-de, Ýaponiýanyň gümrük edarasy tarapyndan maliýleşdirilýän Guramanyň 2023-2024-nji ýyl üçin hünär ösüş maksatnamasyna Gullugyň işgäriniň birnäçe ýurtdan dalaşgärleriň arasyndan saýlanylmagy kanagatlanma bilen bellendi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasyna gelmeginiň çäginde, Baş sekretar gümrük gullugynyň alyp barýan işi, bu ýerde işiň guralyşy, döredilen mümkinçilikler bilen giňden tanyşdy. Ol binada ýerleşýän iş otaglara, mejlisler zalyna, kitaphana baryp gördi. Binanyň birinji gatynda ýerleşýän seljeriş merkezinde uly monitorda myhmana Türkmenistanda gümrük ulgamynyň guralyşyny we aýratynlyklary beýan edilýän wideo ýazgy görkezildi.

Kunio Mikuriýa, şeýle hem, Gullugyň muzeý otagyna baryp, Türkmenistanda gümrük gullugynyň döredilmeginiň we ösüşiniň taryhy bilen tanyşdy hem-de hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

Türkmenistan Lissabonda geçirilen «Bitewi saglyk» Bütindünýä kongresinde milli tejribesini hödürledi

06:20 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

Türkmenistanly we Özbegistanly alymlar biodürlüligiň bitewi maglumatlar binýadyny döredýärler

06:05 Sentýabr 07, 2026