HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň makroykdysady görkezijilerini Berlinde beýan etdi

Sentýabr 29, 2023 | 17:22 |3946
Bellenişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan gowrak bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar.Bellenişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan gowrak bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda Türkmenistanyň käbir makroykdysady görkezijilerini beýan etdi.

Bellenişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryndan gowrak bolan 200-e golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilýän her ýylky maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 18-19 göterimine deňdir we şunda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy olaryň jemi möçberiniň 12 göterimine çenlisini düzýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, strategik senagat – innowasiýa ösüş depgini maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 60 göterimden gowrak böleginiň önümçilik ulgamyna gönükdirilmeginiň hasabyna üpjün edilýär. Munuň özi senagatymyzyň düzümini üýtgetmäge, importyň ýerini tutýan hem-de eksport ugurly önümçilikleri ösdürmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.

«Soňky ýyllarda Türkmenistanda ykdysadyýetimiziň gazhimiýa pudagynda birnäçe maýa goýum taslamalary amala aşyryldy. Olar ammiak, karbamid, polipropilen, polietilen, sintetiki benzin önümçiligi boýunça gurlan täze zawodlardyr» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026