USAID telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmegi maliýeleşdirmek boýunça täze taslamany tanyşdyrdy


ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmegi maliýeleşdirmegiň ikinji tapgyryny tanyşdyryş çärelerini geçirdi.
Maliýe grant mümkinçilikleri hususy kärhanalarda, işewürlik geňeşçilerinde we jemgyýetçilik birleşiklerinde uly gyzyklanmalary döretdi. Çärelere gatnaşyjylar grant maýalarynyň möçberi, ony almagyň şertleri we munuň üçi gerekli resminamalar barada giňişleýin maglumat aldylar.

Bu taslama maglumat-kommuniksiýa, syýahatçylyk, azyk senagaty we içgileriň önümçiligi, deri, tikin we dokma senagaty ugurlarynda hususy düzümiň işine ýardam bermegi maksat edinýär. Bu işlerde sanly we “ýaşyl” ykdysadyýetiň ösdürilemgine, işewürlige zenanlary, ýaşlary we mümkinçiligi çäkli adamlary çekmek ileir tutulýan ugurdyr.
Maliýeleşdirek barada dogly maglumaty şu salgydan giňişleýin öwrenip bilersiňiz.

Taslama gatnaşmak üçin arzalary 31-nji oktýabra çenli tabşyryp bilerler. Taslamany guraýjylar maliýeleşdirmek üçin geljegi uly bolan taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga eýýäm taýýardyr. Munuň üçin Şu salgylar arkaly habarlaşyp bilersiňiz: resul.rejepov@thepalladiumgroup.com; serdar.moshev@thepalladiumgroup.com.
USAID 2019-njy ýylda Merkezi Aziýada we Türkmenistanda telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek maksady bilen ýörite taslamany işe girizdi. Geçen 4 ýylyň içinde bu taslama esasynda köp sanly hususy kärhanalar maliýeleşdirilip, olaryň ösüp gitmegine ýol açyldy. Gazanylan oňyn netijeleri göz öňünde tutup, USAID bu taslamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy.
ORIENT news








