"Green Tech Amsterdam 2024"-iň çäklerinde Türkmenistanyň agrar forumy geçirildi


Green Tech Amsterdam 2024 halkara sergisiniň çäklerinde Golland kompaniýalarynyň türkmen bazarynda oba hojalyk ulgamynda ykdysady mümkinçiliklerine bagyşlanan aýratyn sessiýa geçirildi. Çärä Niderlandlaryň we Türkmenistanyň işewür toparlarynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň we ilçihanasynyň wekilleri, Ýewropanyň dürli ylmy-barlag we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çärede Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Oba hojalyk ministrliginiň wekili Kerim Saparow, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň geňeşçisi Ýagşymyrat Kakajanow, “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň baş agronomy Joşgun Kerimow çykyş etdiler.

Sapar Pälwanow Türkmenistanda daşary ýurt maýadarlary we kompaniýalary üçin döredilýän amatly şertler barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň hususy bölegi we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini işjeň goldaýandygyny, ýurdumyzda telekeçilik bilen meşgullanmak üçin salgyt ýeňillikleriniň berilýändigini we amatly şertleriň döredilýändigini belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iri energetika döwleti bolmak bilen, ekologiýa meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini we ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitleýändigini belledi.
“Türkmenistanyň Hökümeti ýurdumyzyň kompaniýalary we daşary ýurt maýadarlary üçin deň hukuklary we şertleri döredýär. Türkmenistanda işewürlik üçin serişde goýýan daşary ýurt maýadarlara hökümet tarapyndan goldaw berler diýip nygtady.

Diplomat türkmen tarapyny Niderlandlara gelmäge we Green Tech Amsterdam 2024 halkara sergisine gatnaşmaga höweslendiren üç esasly sebäbi belläp geçdi. Birinjiden, bu ekologiýa meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmek, çünki Türkmenistanyň Hökümeti eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalary metanyň zyňyndylaryny azaltmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda işlemäge çagyrýar.
Ikinjiden, suw serişdelerini gorap saklamak: döwlet ähli hususy kompaniýalary we döwlet edaralaryny alyp barýan işlerinde suw tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmaga çagyrýar. Üçünji we iň möhüm sebäp bolsa, tehnologiýa öndürijiler bilen türkmen kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmakdyr. Munuň özi araçylary aradan aýyrmaga, türkmen önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de türkmen önüm öndürijileriniň bähbitlerini goramaga mümkinçilik berer.

Soňra ilçihananyň geňeşçisi ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň goldaw bermeginde hususy pudagyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Ol hususy telekeçileriň işini utgaşdyrmakda we olary goldamakda Birleşmäniň möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Oba hojalyk ministrliginiň wekili hökümet tarapyndan hususy bölege berilýän goldawlar hem-de hususy telekeçiler bilen Hökümetiň arasyndaky özara gatnaşyklar barada gürrüň berdi. Çykyşda telekeçiler üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen maksatnamalar we başlangyçlar, şol sanda ýeňillikli karzlar we beýlekiler barada bellenilip geçildi.

Çäräniň dowamynda “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň wekili hökümet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler we berilýän goldaw-hemaýatlar barada gürrüň berdi. Ol özüniň işleýän kompaniýasynyň çalt depginler bilen ösýändigini we eýýäm on ýurda önümini eksport edýändigini belledi. Eksport ugurlaryny mundan beýläk-de giňeltmek kompaniýanyň esasy maksady. Munuň üçin ähli mümkinçilikler bar, önümçilige ýokary tehnologiýalar we standartlar ornaşdyrylýar. Bu bolsa eksport ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Çäräniň tanyşdyrylyş bölegi tamamlanandan soňra, özara sowal-jogap alşyldy. Gatnaşyjylar türkmen bazarynda oba hojalyk pudagynda iş alyp barmak babatda özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Gollandiýanyň kompaniýalary Türkmenistana baryp görmäge hem-de türkmen bazary bilen tanyşmaga gyzyklanma bildirdiler.

Netijede, çärä gatnaşyjylar we guramaçylar Türkmenistanyň ýörite sapary guramak zerur diýen pikire geldiler. Wekiliýetiň düzümine bu ulgamda gyzyklanma bildirýän golland kompaniýalarynyň we institutlarynyň wekilleri girer. Saparyň maksatnamasyna döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar giriziler diýip, Türkmenistanyň ilçihanasynda bellediler.




ORIENT news






