HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky diplomatik korpusyň wekilleri durnukly ykdysadyýet we maliýe boýunça duşuşyga gatnaşdylar

Maý 28, 2024 | 23:05 |9011
BMG-niň Ösüş maksatnamasy we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 28-nji maýda Aşgabatda Durnukly ykdysadyýet we maliýe boýunça iş toparynyň (SEF) ilkinji utgaşykly duşuşygyny geçirdiler.BMG-niň Ösüş maksatnamasy we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 28-nji maýda Aşgabatda Durnukly ykdysadyýet we maliýe boýunça iş toparynyň (SEF) ilkinji utgaşykly duşuşygyny geçirdiler.
Çeşme: UNDP

BMG-niň Ösüş maksatnamasy we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 28-nji maýda Aşgabatda Durnukly ykdysadyýet we maliýe boýunça iş toparynyň (SEF) ilkinji utgaşykly duşuşygyny geçirdiler.

Ösüş boýunça hyzmatdaşlygy utgaşdyryş toparynyň çäklerinde döredilen SEF ykdysady ösüşiň umumy maksatlaryny gazanmak üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyga ýardam bermek arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynda halkara guramalaryň hem-de diplomatik gulluklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga çalyşýar.

Aşgabatdaky diplomatik jemgyýetçilige wekilçilik edýän duşuşyga gatnaşyjylar Durnukly ykdysadyýet we maliýe boýunça iş toparynyň maksatlary we göz öňünde tutýan işleri bilen tanyşdyryldy. Ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň hasabatlary tanyşdyryldy hem-de açyk dialogy we hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly Türkmenistanyň ykdysady we maliýe ösüşine ýardam bermegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

1.JPG

Duşuşyk ABŞ-nyň ilçisi Metýu Klimouyň giriş sözi bilen açyldy. Ol çykyşynda:“Bu toparyň alyp barýan işi netijesinde biz adamlara we Türkmenistanyň Hökümetine dünýä bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýmakda, sanly we ýaşyl ykdysadyýete doly derejede gatnaşmakda, şeýle hem hemmeler üçin ykdysady mümkinçilikleri üpjün etmekde ýardam bermek boýunça alnyp barylýan işleri giňeltmek isleýäris. Şeýle hem biz ösüşi çaltlandyrjak täze başlangyçlaryň we hyzmatdaşlygyň görnüşleriniň ýüze çykjakdygyna umyt edýäris. Hususan-da, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmek hem-de işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we maýa goýumlary çekmek boýunça görýän beýleki çäreleri bilen baglylykda täze başlangyçlaryň öňe sürüljekdigine ynanýarys” diýip belledi.

2.JPG

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko: “Men BMG-niň wekilleriniň we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň ykdysady ösüşiň hem-de ösüşi maliýeleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlenendiklerine şatdyryn. Öz halkyna peýda getirýän, täze iş orunlaryny döredýän, ösüşi maliýeleşdirmäge hem-de hyzmatdaşlyga ýardam berýän işjeň we diwersifikasiýalaşdyrylan ykdysadyýeti ösdürmekde Türkmenistana ýardam bermek üçin biz utgaşdyrylan we çeýe çemeleşmeleri ulanmalydyrys” diýip belledi. Şeýle hem ol: “Munuň özi Türkmenistanyň BSG-a girmek meýli bilen baglylykda aýratyn möhümdir. Men bu ugurda birek-biregiň tagallalarynyň üstüni ýetirmek üçin yzygiderli maglumat alşyp durjakdygymyza umyt edýärin” diýip ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026