HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TIF 2024: Türkmenistan we BMG toplumlaýyn maliýeleşdiriş ulgamynyň ýolunda

Awgust 29, 2024 | 09:27 |9754
Golaýda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) bilen bir wagtda möhüm wakany öz içine alýan çäreni ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki bilermenler toparynyň mejlisini geçirmegi meýilleşdirilýär. Duşuşygyň mowzugy Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş ulgamynyň (TMMU) döredilmegi bolar. Bu çäre, esasy döwlet edaralarynyň wekillerini, halkara guramalaryny we bilermenlerini bir ýere jemläp, ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryna netijeli ýetmegiň ýollaryny we strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşar.Golaýda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) bilen bir wagtda möhüm wakany öz içine alýan çäreni ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki bilermenler toparynyň mejlisini geçirmegi meýilleşdirilýär. Duşuşygyň mowzugy Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş ulgamynyň (TMMU) döredilmegi bolar. Bu çäre, esasy döwlet edaralarynyň wekillerini, halkara guramalaryny we bilermenlerini bir ýere jemläp, ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryna netijeli ýetmegiň ýollaryny we strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşar.
Çeşme: guramaçylar tarapyndan berildi

Golaýda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) bilen bir wagtda möhüm wakany öz içine alýan çäreni ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki bilermenler toparynyň mejlisini geçirmegi meýilleşdirilýär. Duşuşygyň mowzugy Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin Toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş ulgamynyň (TMMU) döredilmegi bolar. Bu çäre, esasy döwlet edaralarynyň wekillerini, halkara guramalaryny we bilermenlerini bir ýere jemläp, ýurtda Durnukly ösüş maksatlaryna netijeli ýetmegiň ýollaryny we strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşar.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary durmuşa geçirmek üçin statistiki mümkinçilikleri ýokarlandyrmak Duşuşykda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary durmuşa geçirmek üçin statistiki mümkinçilikleri ýokarlandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Bu mejlise ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna moderatorlyk eder. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekili Durnukly ösüş maksatlaryndaky ösüşe gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, milli statistikany ösdürmek boýunça häzirki üstünlikleri we meýilnamalary hödürlär.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde çykdaýjylaryň netijeleri

Esasy mowzuklaryň biri ählumumy derejesinde we Merkezi Aziýa ýurtlarynda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda çykdajylaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak bolar. Bu maslahata onlaýn gatnaşjak metodologoki bölümiň ýolbaşçysy Nur Barnat we BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň (UNCTAD) statistikaçysy Petra Kynçlowa bu ugurdaky bilimleri we tejribeleri bilen paýlaşarlar.

Azyk howpsuzlygy pudagyny maliýeleşdirmek we maýa goýum

Ýene bir möhüm mowzuk, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maliýeleşdirmek we maýa goýumlaryny çekmek bolar. BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebitleýin bölüminiň uly tehniki geňeşçisi Akoş Sebeni hem onlaýn maslahata gatnaşar we oba hojalygyna maýa goýumlaryny çekmek üçin üstünlikli mysallary we teklipleri hödürlär.

Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdiriş mehanizmlerini işläp düzmekde BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň ýardamy Çäräniň dowamynda BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň taslamasynyň utgaşdyryjysy Irina Gukasowa BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň toplumlaýyn milli mehanizmlerini işläp düzmekde berilýän ýardamyny hödürlär. Özüniň çykyşynda durnukly ösüşi gazanmak üçin halkara tejribesini we milli aýratynlyklary birleşdirmegiň zerurlygyna ünsi çeker.

Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Ýurt seljermesi

Jemleýji mejlisde Türkmenistanyň milli borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan maksatlarynyň görkezejilerine we öňegidişligine ünsi jemläp, Durnukly ösüş maksatlarynyň Bilelikdäki Ýurt seljermesini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar. Bu bölümde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hünärmenleri BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysatçysy Wladimir Waletka bilen bilelikde esasy netijeleri hödürlär we indiki ädimleri belli ederler.

Garaşylýan netije

Golaýda geçiriljek çäre Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin netijeli milli maliýeleşdiriş ulgamyny döretmäge gönükdirilen pikir alyşmak we karar bermek üçin möhüm meýdança bolar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň ýurduň durnukly ösüşine goşant goşjak milli we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlyk barada ylalaşjakdygyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026