Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Tähran we Aşgabat gümrük hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

Awgust 29, 2024 | 23:35 |12689
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Tährana amala aşyran iş saparynyň dowamynda 28-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük dolandyryşynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Tährana amala aşyran iş saparynyň dowamynda 28-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük dolandyryşynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Tährana amala aşyran iş saparynyň dowamynda 28-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçylary Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük dolandyryşynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler.

Gepleşigiň dowamynda gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary Maksat Hudaýgulyýew we Mohammad Rezwanifar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý meselelerini we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maglumat alyşmak tejribesiniň iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artmagyna ýetirýän oňaly täsirini hasaba almak bilen haryt we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlaryň, gümrük statistikasynyň we haryt bahalary baradaky maglumatlarynyň özara alyşylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmen gümrük gullugynyň saýtynda habar berilişi ýaly, işgär taýýarlamak, olaryň hünär taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrmak, gümrük gözegçiliginiň tehniki serişdelerini, sanly gümrügi, elektron beýan etmeleri, maglumatlaryň elektron görnüşinde alyşylmagynyň gurallaryny ulanmak ýaly ugurlar boýunça öňdebaryjy tejribe alyşmak babatda köptaraplaýyn saparlary gurnamak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar indiki aýyň dowamynda iki ýurduň arasynda bilermenler derejesinde duşuşyklary geçirmek barada ylalaşdylar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük dolandyryşynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça Maksatnama gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026