HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular

Awgust 31, 2024 | 04:40 |11848
Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular. Bu taslama Türkiýeniň “Çalık Enerji Sanayı ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Anna güni Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” Döwlet konsernine Şatlyk-1 gaz gysyjy desgasynyň taslama, gurluşyk we enjamlaşdyrma işlerini ýerine ýetirmek üçin bu kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi.Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular. Bu taslama Türkiýeniň “Çalık Enerji Sanayı ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Anna güni Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” Döwlet konsernine Şatlyk-1 gaz gysyjy desgasynyň taslama, gurluşyk we enjamlaşdyrma işlerini ýerine ýetirmek üçin bu kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi.
Çeşme: orient.tm

Mary welaýatynyň Şatlyk gaz ýatagynda gaz gysyjy desgasy gurular. Bu taslama Türkiýeniň “Çalık Enerji Sanayı ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar. Anna güni Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” Döwlet konsernine Şatlyk-1 gaz gysyjy desgasynyň taslama, gurluşyk we enjamlaşdyrma işlerini ýerine ýetirmek üçin bu kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga rugsat berýän Karara gol çekdi.

Şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda täze inžener ulgamlaryny, elektrik, gaz we suw üpjünçilik desgalarynyny, umumy tora birleşdirilen aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak we öňki bar bolanlary dikeltmek, desga boýunça bejerişleri ýerine ýetirmek işleri göz öňünde tutulan.

Gaz gysysjy desganyň gurluşygy indiki aýda başlap, taýyn desgany ulanmaklyga tabşyrylmagy iki ýyldan meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz ýatagy ýurdumyzda tebigy gazyň gazyp alynyşy boýunça möhüm desgalarynyň biri hasaplanylýar. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ýerde täze tehnologiýalaryň we döwrebap enjamlaryň ulanylmagy bilen önümçilik görkezijilerinde oňyn üýtgeşmeler bellige alyndy. Bu gaz ýatagy Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we ykdysadyýetini ösdürmek bilen, gazyň eksportuna uly goşandyny goşýar.

“Şatlykda” gazyp alynyşy ýokarlandyrmakda we önümçiligiň durnukly derejesini saklamakda innowasion usullar ulanylýar. Bu bolsa hem içerki, hem daşarky bazary energiýa serişdeleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu sebitde we onuň daşynda türkmen gazyna bolan islegiň artdyrylmagynda we energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde wajyp bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026