Habarlar

Gazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylarGazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Gazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Gazagystanyň Almaty şäheri şu günler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Günorta Koreýanyň wekiliýetlerini kabul etdi. Olar Gazagystana Aziýanyň tokaý hyzmatdaşlygy guramasynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin ýygnandylar. Forumy geçirmek başlangyjy bilen Koreýanyň Tokaý gullugy çykyş edip, ýurtlar tarapyndan 2013-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen Tokaý senagatynda özara hereketler hakynda ähtnamanyň çäklerinde maslahaty gurady diýip, koreý habar beriş çeşmeleri ýazýarlar.

BMGÖM we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň taslamasynyň çäginde aktiwistler Aşgabatda 90 tonna plastik galyndylaryny gaýtadan işlemäge tabşyrdylarBMGÖM we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň taslamasynyň çäginde aktiwistler Aşgabatda 90 tonna plastik galyndylaryny gaýtadan işlemäge tabşyrdylar

BMGÖM we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň taslamasynyň çäginde aktiwistler Aşgabatda 90 tonna plastik galyndylaryny gaýtadan işlemäge tabşyrdylar

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň we BMGÖM-iň başlangyjy bilen synag taslamasynyň iki tapgyrynyň dowamynda Aşgabatda 90 tonnadan gowrak plastik galyndylar sortlaşdyryldy we gaýtadan işlenildi – diýip, BMGÖM-nyň biziň ýurdumyzdaky hemişelik wekili Narine Saakýan «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda gürrüň berdi.

Howa zerarly bosgunlar – olar kimler?Howa zerarly bosgunlar – olar kimler?

Howa zerarly bosgunlar – olar kimler?

Göçmek – bu ahlak hem fiziki nukdaýnazardan, dürli sebäplere görä bar bolan ýagdaýyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşykly örän kyn karardyr. Biziň köpümiz habarlarda ol ýa-da başga sebäplere görä daşary ýurtlara göçüp barýan adamlary görendiris. «Gowy durmuş» gözläp, gaýry ýurtlara barýanlaryň ykbaly çüwüp hem biler, ýa-da olaryň takdyry ters gelip, öňünde goýan meýilleri şowsuzlyga duçar bolup biler, bu bolsa işi ugruna bolmadyk migrantlaryň sany boýunça dünýä statistikasyna goşant bolar.