Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenabatda Gidrometereologiýa gullugynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Dekabr 15, 2022 | 05:55 |10866
Türkmenabat şäherinde Gidrometereologiýa gullugynyň Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda işleýän hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMGÖM-niň we Ýaşyl howa gaznasynyň bilermenleri praktiki okuw maslahatynda derýalaryň, kölleriň hem-de suw howdanlarynyň giňişliklerinde olaryň suwlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge hyzmat edýän gidrologiý enjamlaryny we abzallary nähili ulanmalydygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk ussatlyk sapagy görnüşinde geçdi. Alnan nazaryýet bilimleri amaly ýagdaýda işlenildi, tälimçi hökmünde bolsa OTT Hydromet GmbH german kompaniýasyna wekilçilik edýän BMGÖM-den halkaara derejeli bilermen Li Gardner çykyş etdi. Ol okuw maslahatyna gatnaşajylara suwuň akyşynyň tizligini hem-de uly we kiçi derýalarda suwuň sarp edilişini ölçemek üçin häirki zaman gurallarynyň nähili işleýändigini gürrüň berdi we görkezdi.

Maslahatyň okuwlary suwaryş kanalynda – Amyderýanyň suwlary bilen suwlylandyrylýan hem-de Çärjew we Dänew etraplarynyň topargyny suwarmek üçin döredilen emeli suw desgasynda geçirildi. Bu ýerde okuwa gatnaşyjylar OTT QReview programma üpjünçiliginiň kömegi bilen maglumatlary işlemek boýunça alan bilimlerini iş ýüzünde ulandylar.

Bu häzirki zaman gidrologiýa abzallarynyň ulanylmagy Gidrometereologiýa gullugynyň işgärlerine gündelik görkezijileri toplamak we bu maglumatlary sanly arhiwlerde elektron görnüşde saklamak boýunça çylşyrymly işleri ep-esli ýeňilleşdirer.

Türkmenabatdaky duşuşyk “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilleşdiririlmeginiň milli işiniň ösüşi” taslamasynyň çäklerinde guralyp, ol edralaryň kuwwatyny hem-de hünärmenleriň, hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Gidrometereologiýa gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Edaranyň işgärleri milli ykdysadyýetiň oba hojalyk we suw ulgamlarynyň howanyň üýtgemegine uýganlaşmagyny meýilleşdirmek bilen meşgullanýar.Türkmenabat şäherinde Gidrometereologiýa gullugynyň Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda işleýän hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMGÖM-niň we Ýaşyl howa gaznasynyň bilermenleri praktiki okuw maslahatynda derýalaryň, kölleriň hem-de suw howdanlarynyň giňişliklerinde olaryň suwlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge hyzmat edýän gidrologiý enjamlaryny we abzallary nähili ulanmalydygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk ussatlyk sapagy görnüşinde geçdi. Alnan nazaryýet bilimleri amaly ýagdaýda işlenildi, tälimçi hökmünde bolsa OTT Hydromet GmbH german kompaniýasyna wekilçilik edýän BMGÖM-den halkaara derejeli bilermen Li Gardner çykyş etdi. Ol okuw maslahatyna gatnaşajylara suwuň akyşynyň tizligini hem-de uly we kiçi derýalarda suwuň sarp edilişini ölçemek üçin häirki zaman gurallarynyň nähili işleýändigini gürrüň berdi we görkezdi.

Maslahatyň okuwlary suwaryş kanalynda – Amyderýanyň suwlary bilen suwlylandyrylýan hem-de Çärjew we Dänew etraplarynyň topargyny suwarmek üçin döredilen emeli suw desgasynda geçirildi. Bu ýerde okuwa gatnaşyjylar OTT QReview programma üpjünçiliginiň kömegi bilen maglumatlary işlemek boýunça alan bilimlerini iş ýüzünde ulandylar.

Bu häzirki zaman gidrologiýa abzallarynyň ulanylmagy Gidrometereologiýa gullugynyň işgärlerine gündelik görkezijileri toplamak we bu maglumatlary sanly arhiwlerde elektron görnüşde saklamak boýunça çylşyrymly işleri ep-esli ýeňilleşdirer.

Türkmenabatdaky duşuşyk “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilleşdiririlmeginiň milli işiniň ösüşi” taslamasynyň çäklerinde guralyp, ol edralaryň kuwwatyny hem-de hünärmenleriň, hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Gidrometereologiýa gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Edaranyň işgärleri milli ykdysadyýetiň oba hojalyk we suw ulgamlarynyň howanyň üýtgemegine uýganlaşmagyny meýilleşdirmek bilen meşgullanýar.
Çeşme:

Türkmenabat şäherinde Gidrometereologiýa gullugynyň Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda işleýän hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMGÖM-niň we Ýaşyl howa gaznasynyň bilermenleri praktiki okuw maslahatynda derýalaryň, kölleriň hem-de suw howdanlarynyň giňişliklerinde olaryň suwlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge hyzmat edýän gidrologiý enjamlaryny we abzallary nähili ulanmalydygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk ussatlyk sapagy görnüşinde geçdi. Alnan nazaryýet bilimleri amaly ýagdaýda işlenildi, tälimçi hökmünde bolsa OTT Hydromet GmbH german kompaniýasyna wekilçilik edýän BMGÖM-den halkaara derejeli bilermen Li Gardner çykyş etdi. Ol okuw maslahatyna gatnaşajylara suwuň akyşynyň tizligini hem-de uly we kiçi derýalarda suwuň sarp edilişini ölçemek üçin häirki zaman gurallarynyň nähili işleýändigini gürrüň berdi we görkezdi.

Maslahatyň okuwlary suwaryş kanalynda – Amyderýanyň suwlary bilen suwlylandyrylýan hem-de Çärjew we Dänew etraplarynyň topargyny suwarmek üçin döredilen emeli suw desgasynda geçirildi. Bu ýerde okuwa gatnaşyjylar OTT QReview programma üpjünçiliginiň kömegi bilen maglumatlary işlemek boýunça alan bilimlerini iş ýüzünde ulandylar.

Bu häzirki zaman gidrologiýa abzallarynyň ulanylmagy Gidrometereologiýa gullugynyň işgärlerine gündelik görkezijileri toplamak we bu maglumatlary sanly arhiwlerde elektron görnüşde saklamak boýunça çylşyrymly işleri ep-esli ýeňilleşdirer.

Türkmenabatdaky duşuşyk “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilleşdiririlmeginiň milli işiniň ösüşi” taslamasynyň çäklerinde guralyp, ol edralaryň kuwwatyny hem-de hünärmenleriň, hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Gidrometereologiýa gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Edaranyň işgärleri milli ykdysadyýetiň oba hojalyk we suw ulgamlarynyň howanyň üýtgemegine uýganlaşmagyny meýilleşdirmek bilen meşgullanýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026