Habarlar

Türkmenabatda Gidrometereologiýa gullugynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildiTürkmenabatda Gidrometereologiýa gullugynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Türkmenabatda Gidrometereologiýa gullugynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Türkmenabat şäherinde Gidrometereologiýa gullugynyň Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda işleýän hünärmenleri, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMGÖM-niň we Ýaşyl howa gaznasynyň bilermenleri praktiki okuw maslahatynda derýalaryň, kölleriň hem-de suw howdanlarynyň giňişliklerinde olaryň suwlarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge hyzmat edýän gidrologiý enjamlaryny we abzallary nähili ulanmalydygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk ussatlyk sapagy görnüşinde geçdi. Alnan nazaryýet bilimleri amaly ýagdaýda işlenildi, tälimçi hökmünde bolsa OTT Hydromet GmbH german kompaniýasyna wekilçilik edýän BMGÖM-den halkaara derejeli bilermen Li Gardner çykyş etdi. Ol okuw maslahatyna gatnaşajylara suwuň akyşynyň tizligini hem-de uly we kiçi derýalarda suwuň sarp edilişini ölçemek üçin häirki zaman gurallarynyň nähili işleýändigini gürrüň berdi we görkezdi. Maslahatyň okuwlary suwaryş kanalynda – Amyderýanyň suwlary bilen suwlylandyrylýan hem-de Çärjew we Dänew etraplarynyň topargyny suwarmek üçin döredilen emeli suw desgasynda geçirildi. Bu ýerde okuwa gatnaşyjylar OTT QReview programma üpjünçiliginiň kömegi bilen maglumatlary işlemek boýunça alan bilimlerini iş ýüzünde ulandylar. Bu häzirki zaman gidrologiýa abzallarynyň ulanylmagy Gidrometereologiýa gullugynyň işgärlerine gündelik görkezijileri toplamak we bu maglumatlary sanly arhiwlerde elektron görnüşde saklamak boýunça çylşyrymly işleri ep-esli ýeňilleşdirer. Türkmenabatdaky duşuşyk “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilleşdiririlmeginiň milli işiniň ösüşi” taslamasynyň çäklerinde guralyp, ol edralaryň kuwwatyny hem-de hünärmenleriň, hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Gidrometereologiýa gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Edaranyň işgärleri milli ykdysadyýetiň oba hojalyk we suw ulgamlarynyň howanyň üýtgemegine uýganlaşmagyny meýilleşdirmek bilen meşgullanýar.

Gyş pasly: Hazar... Gazagystanly blogeriň wideoýazgysyGyş pasly: Hazar... Gazagystanly blogeriň wideoýazgysy

Gyş pasly: Hazar... Gazagystanly blogeriň wideoýazgysy

Hazar deňzi özüniň ajaýyp görnüşi bilen nobatdaky gezek Instagram ulanyjylaryny haýran galdyrdy. Aktaunyň ýaşaýjysy, Gazagystanyň tebigaty barada köpsanly wideo ýazgylaryň awtory Azamat Sarsenbaýew ýakynda ýüzüniň kä ýerleri buz bilen örtülen deňziň gözel görnüşleri düşürilen wideoýazgysyny internete ýükledi. Bu barada “Astana Times” ýekşenbe güni okyjylaryna habar berýär.

Barsy halas etmeli – olaryň ýaşaýan ýerleri bolan ýurtlar üçin sebit strategiýasy taýýarlanýarBarsy halas etmeli – olaryň ýaşaýan ýerleri bolan ýurtlar üçin sebit strategiýasy taýýarlanýar

Barsy halas etmeli – olaryň ýaşaýan ýerleri bolan ýurtlar üçin sebit strategiýasy taýýarlanýar

Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak oýunça Konwensiýa (Bonn konwensiýasy) we Germaniýanyň Tebigaty goramak boýunça federal agentligi Merkezi Aziýa süýdemdirijileri boýunça başlangyjyň çäklerinde pars gaplaňyny gorap saklamagyň sebitleýin strategiýasyny kabul etmek üçin onuň çäginde ýaşaýan döwletleriniň wekilleri bilen duşuşygy guramagy meýilleşdirýär.

Gazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylarGazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Gazagystanda MA-nyň ýurtlarynyň bilermenleri tokaýlaryň we “ýaşyl” guşaklyklaryň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Gazagystanyň Almaty şäheri şu günler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Günorta Koreýanyň wekiliýetlerini kabul etdi. Olar Gazagystana Aziýanyň tokaý hyzmatdaşlygy guramasynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin ýygnandylar. Forumy geçirmek başlangyjy bilen Koreýanyň Tokaý gullugy çykyş edip, ýurtlar tarapyndan 2013-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen Tokaý senagatynda özara hereketler hakynda ähtnamanyň çäklerinde maslahaty gurady diýip, koreý habar beriş çeşmeleri ýazýarlar.