Habarlar

Aşgabatdaky agrotehniki okuw maslahatynyň diňleýjileri alma bagçylygyny ýetişdirip bilerlerAşgabatdaky agrotehniki okuw maslahatynyň diňleýjileri alma bagçylygyny ýetişdirip bilerler

Aşgabatdaky agrotehniki okuw maslahatynyň diňleýjileri alma bagçylygyny ýetişdirip bilerler

Şu ýylyň fewral aýynda MS Teams platformasynda onlaýn görnüşde geçiriljek “Türkmenistanyň şertlerinde öndümli döwrebap almaly baglygy döretmegiň aýratynlyklary” atly okuw maslahatynda almaly bagçylygy nähili ösdürip ýetişdirmelidigi hem-de bereketli hasyly nähili almalydygy barada gürrüň beriler. Forum USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasynyň çäklerinde guralar.

Daşoguzdaky Şawat kanalynyň boýunda topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak üçin agaç oturdylýarDaşoguzdaky Şawat kanalynyň boýunda topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak üçin agaç oturdylýar

Daşoguzdaky Şawat kanalynyň boýunda topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak üçin agaç oturdylýar

USAID guramasynyň suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasy Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde Daşoguz welaýatyndaky Şawat kanalynyň kenarynyň ugruny berkitmek işlerini geçirýär. Munuň üçin Daşoguz şäheriniň we onuň töweregindäki ýerleriň esasy suw arteriýasy bolan kanalyň ugrundaky kenary gorajak tokaý zolaklary döredilýär.

Hazarýaka ýurtlary 2023-nji ýylda bekre balyklary täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygy uzaldarlarHazarýaka ýurtlary 2023-nji ýylda bekre balyklary täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygy uzaldarlar

Hazarýaka ýurtlary 2023-nji ýylda bekre balyklary täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygy uzaldarlar

Hazar deňziniň suw bioserişdelerini gorap saklamak we oýlanyşykly ulanmak hem-de olary bilelikde dolandyrmak boýunça Komissiýasy 2023-nji ýylda balyklaryň bekre görnüşlerini täjirçilik maksatly tutmaga gadaganlygyň uzaldylmagyny hem-de bekreleriň ätiýaçlygyny täzeden dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýar. 2023-nji ýylda bekre balyklarynyň diňe ylmy-barlag maksady we emeli köpeltmek maksady bilen tutulmagy meýilleşdirilýär.

Dünýä jemgyýetçiligi biodürlüligiň ýitirilmegini togtatmaga we ýitgisini yza dolamak barada ylalaşdyDünýä jemgyýetçiligi biodürlüligiň ýitirilmegini togtatmaga we ýitgisini yza dolamak barada ylalaşdy

Dünýä jemgyýetçiligi biodürlüligiň ýitirilmegini togtatmaga we ýitgisini yza dolamak barada ylalaşdy

2030-njy ýyla çenli biodürlüligi goramagyň bütindünýä ylalaşygyna biodürlülik hakynda Konwensiýa gatnaşyjylar bilen Kanadanyň Monreal şäherinde geçen XV Maslahatyň jemleri boýunça gol çekildi– diýip, China Daily habar berýär. Ol dört ýyllap ara alyp maslahatlaşmadan soňra we iki hepde dowam eden çekeleşikli gepleşikleriň netijesinde kabul edildi.